Serdar Berdimuhamedowyň Jidda sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Serdar Berdimuhamedowyň Jidda sammitine gatnaşmagyna garaşylýar

Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmak, şeýle-de ýaşlary tebigaty goramaga, daşky gurşawy aýawly saklamaga çagyrmak maksady bilen, boş iş orunlaryny hödürleýär.

Işe 35 ýaşa çenli, ýörite orta ýa-da ýokary bilim bolan, türkmen, rus we iňlis dillerini bilýän ýaşlar bäsleşik esasynda kabul ediler.

Synagdan üstünliki geçen 3 dalaşgär Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň dürli bölümlerinde zähmet çekip, guramanyň işlerine ýakyndan ýardam bermäge, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara derejesindäki maslahatlara, duşuşyklara we beýleki çärelere gatnaşmaga hukuk gazanar.

Habarlaşmak üçin şu görýän telefon belgiňize +99364268432 jaň edip, ýa-da şu görkezilen elektron salga tebigatchy.jemg@gmail.com hat ýazmak arkaly ýüz tutup bilersiňiz.

Işe girmek isleýän dalaşgärleriň maglumatlary 27-nji iýula çenli kabul edilýär.

2022-nji ýylyň güýzünde esaslandyrylan Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň baş maksady ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini artdyrmakdan ybaratdyr.

Ýatlap geçsek, Turkmenportal web saýty bilen Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasy bilelikde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyna, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda, şeýle-de Daşoguz welaýatynyň birnäçe etraplaryna gyzykly gezelençleri gurady we web-saýtyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Merkezi Aziýa we AHG-niň döwletleriniň Lukmançylyk kongresini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşyk geçirdi