Sony World Photography Awards 2021 bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Sony World Photography Awards 2021 bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Halkara emin agzasy abraýly Sony World Photography Awards 2021 foto bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi diýip, news.mail.ru habar berýär.

Bu ýyl “Ýylyň suratçysy” adyna demirgazyk Angliýadaky real durmuşy we jemgyýetler barada ýoýulýan düşünjeleri öwrenýän “Bank Top” seriýasy üçin meşhur dokumental suratçy Kreýg Iston mynasyp boldy.Baýrak hökmünde Iston sanly fototehnika toplumyny we 25 müň dollar möçberinde pul baýragyny aldy.

Mundan başga-da, Professional bäsleşigiň on kategoriýasynda ýeňijiler we finalçylar, Açyk, Talyplar we Ýaşlar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.Professional bäsleşigiň finalçylary iki rus suratçysy boldy - Saşa Bauer (Sowet çagalygynyň taryhy üçin “Döredijilik” kategoriýasynda 3-nji orun) we Fýodor Sawinsew (Kamçatkanyň suratlary üçin “Peýzaž” kategoriýasynda 3-nji orun). “Wiktoriýa stilindäki afrikaly aýal” portreti üçin zimbabweli suratçy Tamari Kudite Açyk bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Stellenbos dizaýn we fotografiýa akademiýasynyň (GAR) Koenraad Haýns Torlage atly talyby “Ýaş fermerler” işi üçin “Talyplar bäsleşiginde ýylyň suratçysy” adyna mynasyp boldy. “Ýaşlar bäsleşiginde ýylyň suratçysy” ady bu ýyl Hindistandan 19 ýaşly Pubarun Basa berildi, onuň “Hakykatdan gaçyp bolmaz” işi beýleki müňlerçe dalaşgärleriň arasynda iň gowusy diýlip bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Dmitriý Homuha Russiýanyň Kaluga futbol toparynyň baş tälimçisi boldy
Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňişleriniň sany boýunça rekord goýdy
Iýul aýynda Aşgabatda halkara ulag forumy geçiriler
Täze möwsüme -3 utuk bilen başlar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar