1893 Germaniýanyň “Ştutgart” (Ştutgart) futbol topary esaslandyrylýar.
1909 Ispaniýanyň “Lewante” (Walensiýa) futbol topary esaslandyrylýar.
1963 Italiýaly futbolçy Roberto Donadoni dünýä inýär.
1972 Münhen Olimpiadasynda basketbol boýunça erkekleriň arasyndaky finalda ozalky SSSR bilen ABŞ-nyň ýygyndylary duşuşýar. Çekeleşikli geçen oýun 51:50 hasap bilen ruslaryň ýeňşi bilen tamamlanýar. Taryhdaky ýatdan çykmajak duşuşyklaryň biri bolan bu oýunda soňky 3 sekunda amerikanlar 50:49 öňde barýarka, ruslar ahyrynda ýeňiş gazanmagy başarýar.
1973 Italiýa “Gran Prisini” 4-nji orunda tamamlan Jeki Stýuwart yzly-yzyna 3-nji gezek F1-iň çempionlygyny gazanýar.
1985 Horwatiýaly ýyldyz futbolçy Luka Modriç dünýä inýär.
1989 Rumyniýanyň paýtagty Buharestiň “Stýaua” (häzirki ady FCSB) topary milli çempionatda 104 oýundan soň, ilkinji gezek ýeňilýär. Soňky gezek 1986-njy ýylyň iýyn aýynda utulan “Stýaua” 104 duşuşykdan soň, şäherdeşi “Dinamodan” asgyn gelýär.
1990 “Amerika Açyk” tennis ýaryşynyň finalynda amerikaly Pit Sampras watandaşy Andre Agassiden 3:0 üstün çykyp, ilkinji “Uly tuwulga” kubogyny gazanýar.
1991 Braziliýaly futbolçy Oskar dünýä inýär.
2006 “Amerika Açyk” tennis ýaryşynyň finalynda russiýaly Mariýa Şarapowa belgiýaly Žýustin Enin-Ardeni 2:0 hasabynda ýeňip, bu bäsleşikdäki ilkinji çempionlygyny gazanýar.
