Stambulda 6 golly duşuşyk

UEFA Çempionlar Ligasynda toparçadaky 5-nji duşuşyklar geçirildi.Oýnalan 16 oýunda 54 gol hasaba alynyp, duşuşyklaryň 4-sinde 6 gol derwezä girizildi. 2 oýun golsuz tamamlanyp, jemi 6 duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady. 7 oýunda ýer eýeleri, 3 duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy. 1/8 finala çykan klublaryň 12-si belli bolup, “Mançester Siti”, “Leipsig”, “Real Madrid”, “Real Sosiedad”, “Inter” klublarynyň hataryna “Arsenal”, PSW, “Atletiko Madrid”, “Lasio”, “Borussiýa Dortmund” hem-de “Barselona” toparlary goşuldy.

Tapgyr “kembekler” bilen ýatda galyp, 5 duşuşykda yzda barýan topar ýa ýeňiş gazandy, ýa-da deňme-deň oýnady.

“A” toparçadaky 2 duşuşyk hem deňlikde tamamlandy. Toparçadaky ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýärn “Bawariýa” öz meýdançasynda “Kopengageni” ýeňmek başartmady. Duşuşykda hasap açylmady.

6 goluň geçirilen oýnunda “Galatasaraý” bilen “Mançester Ýunaýted” 3-3 hasabynda deňme-deň oýnady.Duşuşykda myhmanlar 20 minut dolmanka Garnaço hem-de Bruno Fernandeşiň gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýer eýeleri şol gollaryň biriniň öwezini 1-nji ýarymda dolmagy başardy. 29-njy minutda uzak aralykdan jerime urgusyny uran Ziýeş aratapawudy 1 gola düşüridi. 2-nji ýarymda-da 3 gol geçirilip, 55-nji minutda MakTomineý aratapawudy täzeden 2 gola çykardy. Ýöne ruhdan düşmedik türkler 62-njy minutda Ziýeşiň ýene ýerime urgusyndan (bu gezek derwezeçi Onana hem gödek ýalňyşdy) hem-de onuň pasyndan soň 71-nji minutda Kerem Aktürkoglunyň ajaýyp goly bilen hasaby deňledi. “Bawariýanyň” 1-nji ýeri eýelän toparçasynda beýleki 3 klubuň hem 2-nji bolmak mümkinçiligi bar.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Çempionlar Ligasynda hepdäniň iň owadan goly saýlandy
Disket we CD talap edilmez
Görelde gören sahna ussady
Bundesliga birinji tapgyr: Azmunyň topary ýeňildi
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady