Çempionlar Ligasynda hepdäniň iň owadan goly saýlandy

UEFA Çempionlar Ligasynda hepdäniň iň owadan goly saýlandy. Jemi 4 gol dalaşgär görkezilipdi. 6 goluň geçirilip, 3-3 deňlikde tamamlanan “Galatasaraý” “Mançester Ýunaýted” duşuşygynda toparyny ýeňlişden halas eden türkiýeli hüjümçi Kerem Aktürkoglunyň goly iň köp ses alan gol boldy. Ýene şol duşuşykda geçirilen “Mançester Ýunaýtediň” portugaliýaly ýyldyzy Bruno Fernandeşiň goly 2-nji ýeri eýeledi.

“Real Madridden” Rodrigonyň “Napoliniň” derwezesinden geçiren goly 3-nji, “Arsenaldan” Martin Edegoryň batly urgy bilen “Lansyň” derwezesinden geçiren goly-da 4-nji iň owadan gol diýlip saýlandy.

Ýene degişli makalalar

Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
Stambulda 6 golly duşuşyk
“Real Madrid” her gezegem toparçadan çykmagy başardy
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
Ýylyň toparyna Messi we Neýmar saýlanmady
Trendýol Super Liganyň 27-nji hepdesi tamamlandy