Study U agentligi türkmenistanlylara Türkiýede bilim almaga ýardam eder

Study U agentligi türkmenistanlylara Türkiýede bilim almaga ýardam eder

Study U bilim-maslahat beriş agentligi türkmenistanlylara Türkiýe Respublikasynda hünär bilimini almaga ýardam etmäge taýýardyr.

Agentlik Türkiýede rus dilli talyplar jemgyýeti tarapyndan döredildi we daşary ýurt raýatlaryny bu ýurduň dürli bilim edaralaryna kabul etmek prosesini guramakda tejribä eýedir.

Dalaşgärlere okuw maksatnamasyny saýlamakdan başlap, täze ýere uýgunlaşmaga we zerur resminamalary taýýarlamaga çenli ähli tapgyrlarda rus we iňlis dillerinde goldaw berilýär.

Study U agentliginiň işgärleri Türkiýede okamagyň häzirki zaman Ýewropa standartlaryna gabat gelýän we elýeterli bahadan bilim almak üçin uly mümkinçilikler açýandygyna ynanýarlar. Agentligiň şygary Türkiýede okamak wakalaryň merkezinde, Gündogar bilen Günbataryň, hakykat bilen täzeçilligiň, sungat bilen ylmyň çatrygynda bolmak diýmekdir.

Türkiýede bilim almagyň artykmaçlyklarynyň hatarynda şu aşakdakylar bellenilýär:

- Iňlis dilinde halkara bilim standarty. Hususy türk ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi uýgunlaşmagy aňsatlaşdyrýan we halkara karýera üçin has köp mümkinçilik döredýän iňlis dilinde maksatnamalary hödürleýärler. Şeýle hem türk dilinde okadýan fakultetler bar.

- Elýeterlilik. Okuw we ýaşaýyş üçin has pes mukdardaky çykdajylar, şeýle hem köp sanly arzanladyş Türkiýede bilim almagy dürli ýurtlaryň talyplary üçin elýeterli edýär.

- Stambul dünýäniň medeni paýtagty. Bu ýerde okamak şäheriň gözelliginden we ösüş depgininden lezzet almaga, peýdaly aragatnaşyklary guramaga we dünýäniň dürli künjeginden gelen talyplar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

- Türkiýe Respublikasyndaky ähli halkara uniwersitetleriň talyplary üçin elýeterli bolan alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmak. Mysal üçin, Erazmus we Global Exchange maksatnamalary diňe bir Türkiýede däl, eýsem, beýleki ýurtlarda-da hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri we geljegi açýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Ýene degişli makalalar

Tebigat we ekologiýa
50-den gowrak logistika merkezini gurmak meýilnamasy durmuşa geçirilip başlandy
Russiýada hususy uçaryň ýere gaçmagy netijesinde Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin ýogaldy
Aýa taryhy gonuş golaýlaýar
Arassa energiýa üçin maýa goýum artar
Türkmenistan we Atom Energiýasy boýunça Halkara Agentligi hyzmatdaşlygy berkitmek üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar
Kosmosda Gün paneli gurlar