Şu gün satuwa çykan “Redmi K30S Ultra” smartfonyndan 1 minudyň içinde 100 müň sanysy satyldy

Şu gün satuwa çykan “Redmi K30S Ultra” smartfonyndan 1 minudyň içinde 100 müň sanysy satyldy

Şu gün irden Hytaý bazarynda “Xiaomi” şereketiniň “Redmi” markasynyň “K30S Ultra” atly täze telefony satuwa çykaryldy.

Telefon satuwa çykan badyna “Xiaomi” şereketiniň wise-prezidenti we Smartfon bölüminiň başlygy Zeng Suezhong enjamyň ähli söwda platformalarynda bir minudyň içinde 100,000-den gowragynyň satylandygyny habar berdi.

Bu smartfon “Xiaomi” şereketiniň onlaýn dükanlaryndan daşary “JD.com”, “Tmall” we “Suning” atly söwda platformalarynda satyldy.

1-nji noýabrda başlanan “Double Eleven” çäreleriniň çäginde “Redmi K30S Ultra” telefony 2599 ýuanyň ýerine 2299 ýuana arzan bahadan satylýar. Şonuň üçin “K30S Ultra” häzirki wagtda “Snapdragon 865”-li iň arzan flagman diýen ada eýedir.

Geçen awgustda hödürlenen “Redmi K30 Ultra” bilen deňeşdirilende, “K30S Ultra” 144 Hz LCD displeý bilen üpjün edilýär.

6.67 dýuým ekranda FHD + çözgüdi bilen hödürlenýän bu smartfon, LPDDR5 RAM göterijisine we enjam böleginde UFS 3.1 maglumat saklaýyş goldawyna eýedir.

Smartfonyň kamera tarapyna göz aýlanyňda , öň tarapynda 20 MP-lik, arka tarapynda 64 MP-lik esasy kamera, + 13 MP-lik ultra giň burç, + 5 MP-lik makro, ýagny üç kameraly gurnama bar. MIUI 12 bilen gutudan çykýan enjamda 5000 mAh batareýa hem bar.

Redmi K30S Ultra tehniki aýratynlyklary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

Ekrany: 6.67 dýuým LCD (395 ppi, TÜV Rheinland, 144 Hz täzeleniş tizligi)

Prosessor: Qualcomm Snapdragon 865

RAM göterijisi: 8 GB LPDDR 5

Maglumat Saklaýjy ýady: 128 GB / 256 GB UFS 3.1

Öň kamera: 20 MP

Yzky kamera: 64 MP + 13 MP + 2 MP

Batareýa: 33 Wt çalt zarýad beriş goldawy bilen 5000 mAh

Reňkler: Gara, Kümüş

Ýene degişli makalalar

Ýuka hem çeýe smartfon öndürer
Xiaomi 8 sany meşhur smartfony üçin MIUI 13-i işläp taýýarlamagyny bes eder
Xiaomi 200-Mp-lik Samsung kameraly smartfon çykarar
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Android Police portaly ýylyň iň gowy smartfonlaryny aýtdy
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
Dünýäde 200 megapiksel kameraly ilkinji smartfon eýýäm şu ýyl satuwa çykarylar.