Şu gün Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi sapary başlanar

Şu gün Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä resmi sapary başlanar

Ozal habar berşimiz ýaly, 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen barar.

Prezident Serdar Beridmuhamedow Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerde bu ýurda amala aşyrjak resmi saparynyň dowamynda türk Lideri Rejep Taýyp Ärdogan bilen iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşar.

Hususan-da, gepleşiklerde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-logistika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklara aýratyn üns berler. Şeýle-de saparyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berilmegine görä, 2000-nji ýyldan bäri Türkmenistanda türkiýeli işewürleriň gatnaşmagynda 110 milliard amerikan dollaryndan gowrak taslamalar we işler ýerine ýetirildi.Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2,06 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Bu bolsa 2021-nji ýylyň jemleri bilen deňeşdirilende, 21,8 göterim köpdür.

Anadolu Ajansi habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýakyn möhletde 5 milliard amerikan dollaryna çenli artdyryp, uzak geljekde bolsa 10 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Ärdogan Pezeşkiýan saýlawlarda üstün çykandan soňra Eýran bilen gatnaşyklaryň işjeňleşmegine garaşýar
Türkmenistanyň döwlet ministri Türkiýedäki energetika forumyna gatnaşar
Rejep Taýyp Ärdogan halkara foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar eder
Türk kompaniýalary Türkmenistanda $10 milliardlyk 19 taslamany durmuşa geçirýär
Türkiye Saud Arabystany bilen 2 milliard dollarlyk energiýa maýa goýum şertnamasyna gol çekdi
Ärdogan Türkiýäniň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy