Şu ýylyň iki aýynda türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy 3,6 esse ýokarlandy

Şu ýylyň iki aýynda türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy 3,6 esse ýokarlandy

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 105 million amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,6 esse ýokarydyr. 2022-nji ýylyň deslapky iki aýynda türkmen-azerbaýjan söwda dolanyşygy 29,1 million dollara deň boldupdy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet gümrük komitetine salgylanyp, TREND habar berýär.

Hasabat döwründe Türkmenistandan Azerbaýjana amala aşyrylan eksport geçen ýylyň degişli döwründäkiden (22,6 million dollar) 3,9 esse ýokarlanyp, 89,5 million dollara ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň importynda Türkmenistanyň paýy 3,38 göterime çenli artdy.

Şu ýylyň iki aýynda Azerbaýjandan Türkmenistana amala aşyrylan eksportyň mukdary hem 2,3 esse köpeldi. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 6,6 million dollar bolan bolsa, 2023-nji ýylda 15,5 million dollara çenli ýokarlandy.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 535,3 million amerikan dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Azerbaýjandaky Geňeşçi Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
“Türkmenistan” awiakompaniýasy bir aý möhlet bilen Moskwa uçuşlaryny ýatyrdy
Russiýa Azerbaýjana degişli uçaryň ýere gaçmagy bilen bagly beýanat berdi
Diňle: Azerbaýjan uçarlary adam pidaly heläkçilikden soň Russiýa uçuşlaryny ýatyrdy
"Azerbaýjanyň howa ýollaryna degişli uçar rus raketasy sebäpli heläkçilige uçrady"
Türkiye Gazagystandaky uçar heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi