Sudanda sil joşmalarynda 136 adam heläk boldy

Sudanda sil joşmalarynda 136 adam heläk boldy

Sudanda sil joşmalarynda pida bolanlaryň sany 136 adama ýetdi. Tebigy heläkçilige çabga ýagyşlary sebäp boldy. Bu barada Belta.by belarus saýty ýazýar.

Şeýle hem, 120 adamyň dereksiz ýitendigi habar berilýär. 4 müňden gowrak ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi ýa-da doly ýumruldy.

Ýurtda maý aýyndan bäri yzyny üzmän çabga ýagynlary ýagýar. Bu bolsa giden şäherleriň gark bolmagyna getirdi, adamlar öýlerini terk etmäge mejbur boldular. Tebigy heläkçilik, esasan, Sudanyň Nagr en-Nil, Demirgazyk Kordofan, El-Gezira, Günorta Darfur we Günorta Kordofan ştatlaryna, şeýle-de Ak Nil etrabyna zyýan ýetirdi.

Geçen ýyl Sudanda sil joşmalaryndan 80 adam gurban boldy.

Ýene degişli makalalar

Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Braziliýanyň Amazoniýa tokaýlary güýçli ýangynlary başdan geçirýär
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy