Süýnýän ulag

“Audi” täze “Skysphere” elektrik we awtonom hereketlendiriji konsepsiýa modelini hödürledi.Ulagyň daşarky uzynlygy işjeň artýan tigir bazasy we biri-birine süýşýän beden mehanizmi bilen 25 santimetr süýnüp bilýär.

Ulagyň ýerden ýokary galmagy hem sazlanyp bilner.Sürüji bu üýtgeşmeleri diňe bir düwme bilen dolandyryp biler.Ulag sport tertibine geçirilende onuň uzynlygy 4,94 metr bolsa, “Grand Touring” atly tertibinde 5,19 metre çenli uzalyp bilner.

Bu üýtgeşiklik ulagyň içindäki täsirini hem görkezýär.Sport tertibi wagtynda rul, tormoz we pedal ýaly bölekler “Grand Touring” tertibinde ýitýär.Munuň beýle bolmagy bolsa “Grand Touring” bölümine geçen ulag awtomatiki ýagdaýda dolandyrylýandygy bilen düşündirilýär. “Audi Skysphere” datçikleriniň kömegi bilen ýolagçylaryny barmaly ýerine eltýär, awtoulag ýerleşdiriş we zarýad beriş amallaryny özbaşdak ýerine ýetirýär.

Yz tarapynda ýerleşdirilen hereketlendirijide 465 kWt (632 at güýji) bar.Bu güýç bilen ulag 4 sekuntda 0-dan 100-e ýetip biler.Ulagda 80 kWt kuwwatlylygy bar bolan batareýa bolup, bu batareýalar 500 kilometre çenli aralygy geçip bilýär.

Ýene degişli makalalar

Abu-Dabiniň täze meýilnamasy
Audi R8 — awtosport üçin iň gowy howpsuzlyk awtomobilleriniň sanawynda birinji
Iň kiçi ulaglar
Ýaponlar Toyota Yaris-i we Prius-y iň tygşytly awtoulag diýip atlandyrdylar
Daşary ýurt metbugatyna syn
Azerbaýjanly küşt ussady Kasparowdan üstün çykdy
Çempionatyň goly saýlandy