Suwasty tokaýlar

Tokaý diýlende, ululy-kiçili agaçdyr beýleki ösümlikleriň ösüp oturan, dürli jandarlaryň ýaşaýan arassa howaly ýeri göz öňümize gelýär.Içinde ýöräre ýer bolmaýan, şahalaryna guşlar gonmaýan tokaýlar hem bar.

Emma olar adaty tokaýlardan tapawutlylykda, çuň deňizleriň astynda.Bu tokaýlaryň kenarýakalary golaý ýerleşip, beýleki deňiz jandarlarynyň köp mukdarda ýaşaýan ýerleridir.Suwasty tokaýlarda uzynlygy 60 metre ýetýän suwotular ösýär, deňiz jandarlarynyň ululy-kiçili ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar.

Bu ýerlerdäki suw kisloroda hem baý bolansoň, ýaşaýyş üçin oňyn şert döredýär.Adaty tokaýlar ýaşaýyş üçin nähili ähmiýetli bolsa, bu tokaýlar hem suw jandarlary üçin şolar ýaly ähmiýetlidir.

Hatda diňe deňiz jandarlary üçin däl, gury ýerdäki haýwanlar üçin hem uly ähmiýete eýe.Olara suwoty tokaýlary hem diýilýär.Bu ýerde suwotularyň 30 töweregi görnüşi ösýär.Goňur reňkli bu ösümlikler deňziň aşagyndan ýokarlygyna ösüp, iri ýapraklary bolýar.

Bu täsin ösümlikler çalt ösýänligi bilen hem tapawutlanýar.Bambuk agajy günde 90 santimetr ösýän bolsa, bir suwoty 45 santimetr ösýär. Ösümligiň ýapraklary beýleki jandarlaryň ýaşamagy, köpelmegi üçin ýer, iýmegi üçin iýmit çeşmesi bolýar.

Suwotular gür bolup, giň meýdany öz içine alýar.Edil adaty tokaýlar ýaly, bu ösümlikler hem pasla görä üýtgeýär.Güýçli ýel we beýleki tebigy hadysalar sebäpli gopan bu ösümlikler bahar paslynyň gelmegi bilen gaýtadan ösüp başlaýarlar.

Bu ýerlerde balyklar, oňurgasyz jandarlar, amfibiýalar, leňňeçler, deňiz süýdemdirijileri ýaşaýarlar.Suwuň astyndaky ekoulgam onuň daşynda ýaşaýan guşlaryň hem iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär.Suwasty tokaýlary Atlantik ummanynda, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Alýaskanyň, Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň kenarýakalarynda, Afrikanyň we Günorta Amerikanyň günorta kenarlarynda has ýygjam gabat gelýär.

Deňiz tokaýlary irki döwürlerden bäri balykçylygyň hem ösen ýerleri hökmünde adamlar üçin azyk çeşmesi bolup hyzmat edipdir.

Ýene degişli makalalar

Gyşky synagdan geçirdi
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy
ABŞ-nyň we Hytaýyň Wekiliýetleriniň Gepleşikleri Başlady
Gyşyna ak, ýazyna goňur