Täjigistanyň Futbol teleýaýlymy Türkmenistan-Gyrgyzystan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Täjigistanyň Futbol teleýaýlymy Türkmenistan-Gyrgyzystan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň ikinji tapgyryndan orun alan Türkmenistan-Gyrgyzystan duşuşygy Täjigistanyň Futbol teleýaýlymynda göni efirde görkeziler. Bu barada teleýaýlymyň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistan-Gyrgyzystan oýnunyň alyp görkezilişi 11-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 18:50-de başlanýar. Duşuşyk bolsa sagat 19:00-da badalga alar.

Türkmenistanly futbol janköýerlerine Futbol teleýaýlymy IPTV ulgamy arkaly elýeterlidir.

Bäş toparyň arasynda aýlaw görnüşinde geçirilýän turnirde Gyrgyzystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň zenanlar ýygyndylary çempionlyk üçin göreşerler.

Ýeri gelende, Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň milli zenanlar ýygyndylarynyň arasyndaky çempionatynyň deslapky oýnunda Türkmenistanyň ýygyndysynyň Täjigistan bilen 1-1 hasabynda deň oýnandygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, Türkmenistanly we Täjigistanly zenan futbolçylar ýaryşdaky ilkinji utuklaryny gazandylar.

Birinji aýlawdan soň deslapky duşuşygynda Gyrgyzystany 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, üç utuk toplan Eýranyň ýygyndysy ýaryş jedweline liderlik edýär.

Ýene degişli makalalar

Futbol teleýaýlymy CAFA Nations Cup-2023-iň Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýny göni ýaýlymda görkezer
Awazada halkara festiwal badalga aldy, Türkmenaragatnaşyk hünär ussatlygy boýunça bäsleşigiň jemini jemledi, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistan bilen duşuşar we beýleki habarlar
eKassa ykjam programmasy AŞTU hyzmatlarynyň amatly tölegi
AŞTU müşderilerine telekommunikasiýa hyzmatlary üçin tölegleri geçirilmelidigini ýatladýar
Матч ТВ türkmen boksçusynyň tutluşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Çapar ykjam programmasynyň ulanyjylaryna Türkmenistandaky ähli guramalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary elýeterlidir