Täze Toyota Corolla awtoulaglary Onlaýn taksi gullugynyň taksi parkynyň üstüni ýetirdi

Täze Toyota Corolla awtoulaglary Onlaýn taksi gullugynyň taksi parkynyň üstüni ýetirdi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda gije-gündiz iş alyp barýan Onlaýn taksi gullugynyň ulaglar parky täze Toyota Corolla kysymly ulaglar bilen üpjün edildi. Bu awtoulaglaryň her biri olaryň paýtagt şäheriň köçesindäki hereketini onlaýn yzarlamaga mümkinçilik berýän GPS ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ulaglarda ýolagçylaryň dynç almagyny hem-de sürüjileriň oňaýly dolandyrmagyny bolsa howa gözegçilik ediji we sesleri azaldyjy ulgamlar üpjün edýär. Awtoulaglaryň ählisi oňaýlylygyň hem-de howpsuz dolandyryşyň ähli döwrebap talaplaryna laýyk gelýär.

Täze ulaglar eýýämden Aşgabadyň çäginde we oňa golaý ýerlerde raýatlara hyzmat edýär.

Onlaýn taksi gullugynyň Aşgabadyň raýatlary we myhmanlary üçin gije-gündiziň dowamynda işleýändigini bellemeli. Taksileri gündiz ýa-da gije islendik wagtda çagyryp, ýa bolmasa gitmeli wagtyňa görä gelmeli ýerini belläp sargyt edip bolýar.

Şäheriň islendik ýerine gitmek üçin taksi çagyrmagyň has giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin iOS ýa-da Android platformalary üçin niýetlenen Onlaýn taksi ykjam goşundysyny ýükläp almak zerurdyr.

Ykjam goşundydan peýdalanmak şertiniň bolmadyk ýagdaýynda bolsa, 0655 gysga belgä jaň edip, islendik ýere, islendik wagt üçin taksi sargyt etmek bolýar.

Taksi sargyt etmek gullugyna aýratynam gijelerine ýüz tutmak örän oňaýlydyr. Mysal üçin, gijeki gatnawa ýetişmek üçin howa menziline gitmeli bolsa ýa-da çylşyrymly howa şertlerinde (mysal üçin, çabga ýa-da gar ýaganda...) Onlaýn taksi gullugyna ýüz tutmak iň ýerlikli we ygtybarly çözgütdir.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Onlaýn taksi we Duralga hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň Prezidentine Peşewarda bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi, Onlaýn taksi we Duralga ulgamlary birinji ýyllygyny bellediler, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda täze dermanhana açyldy we beýleki habarlar
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Magtymguly halkyň beýik şahyry atly onlaýn maslahaty
Ak Ýol Computers kompýuter tehnikasynyň, goşmaça esbaplarynyň we aksessuarlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär
Türkmenistanlylar Yandex-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabatdan Kazana uçuşlarynyň sanyny azaldar