Täze ýyla uly üstünlikler bilen

Täze ýyla uly üstünlikler bilen

Ýurdumyzda her ýyly üstünlikli jemläp, geljek ýyly mynasyp zähmet gadamlary bilen garşylamak asylly ýörelgä öwrüldi. Tamamlanyp barýan 2025-nji ýyl hem ajaýyp öňegidişlikleriň ençemesini ykbalymyza bagyş etdi. Tamamlanýan ýylyň netijeleri bolsa, ýetip gelýän 2026-njy ýylyň hem uly rowaçlyklara beslenjekdigini delillendirýär.

Ýakynda paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Älem medeni-dynç alyş merkezinde Täze ýyl baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Ýaşyl donly arçalaryň dürli öwüşginleri merjen şäherimiz Aşgabadyň görküne görk goşýar.

Adam kalbyny heýjana salýan Täze ýyl üçin häzirki günlerde bazarlarda, söwda merkezlerinde Täze ýyl arçalarynyň dürli görnüşlerine bolan halkyň islegi juda ýokary. Şöhle saçýan şarjagazlaryň, dürli haýwanjyklaryň, bezeg garjagazlarynyň toplumy her bir ynsany özüne bendi edip, Täze ýyly garşy almaga howlukdyrýar. Şöhrat-şana beslenen merjen şäher Aşgabat bu gün bezemen arçalaryň elwan öwüşginleri bilen ýalkym saçýar.

Şu günlerde toý-baýramly ýurdumyzyň ähli ýerinde owadan hem belent arçalar oturdylyp, baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen arçalaryň töweregine müňlerçe adam ýygnanyp, birek-birege abadançylyk, bagtyýarlyk arzuwlaýarlar.

Şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap Täze ýyl baýramçylyk söwdalaryna ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda badalga berildi.Söwda nokatlaryndaky azyk bolçulygynyň türkmen telekeçileriniň tagallalarynyň netijesidigini bellemek gerek.

Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini ýylsaýyn artdyrýarlar.Paýtagtymyzdaky we sebitlerdäki söwda merkezlerinde, bazarlarda süýt we et önümlerinden başlap, süýjüleri, kakadylan miweleri, gök önümleri, konserwirlenen önümlere çenli türkmen telekeçileriniň öndürýän dürli önümlerini satyn almak bolýar.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramçylygyny şatlyk-şowhunda geçirmek üçin uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetçilik binalarynyň öňünde owadan arçalar oturdylýar, şäherimiziň köçeleriniň ugrundaky daragtlary dürli öwüşginli çyrajyklar bezeýär, meýdançalardyr seýilgähler şowhunly konsert meýdançalaryna öwrülmäge taýynlanýar. Welaýatlarda, etraplarda we şäherçelerde Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçirilýär. Umuman, halkymyz Täze 2026-njy ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýar.

Jumamyrat GARÝAGDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2021: möwsümiň ilkinji sary karty Altyn asyryň futbolçysyna görkezildi
Türkmenistan gazetinde ýaşlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi
DÖWRÜMIZIŇ ÝAŞ WASPÇYLARY
Blogçy we raýat aktiwisti Jumamyrat Dädebaýew Türkiýeden Özbegistana zor bilen iberildi
Türk häkimiýetleriniň watanyna ýollamagy göz öňünde tutýan Türkiýedäki 25 sany türkmen aktiwistiniň sanawy çap edildi
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär