Täzeden işlenmeli arzan çilimler Aşgabatda satuwa çykaryldy

Täzeden işlenmeli arzan çilimler Aşgabatda satuwa çykaryldy

Oktiýabryň ikinji ýarymynda Aşgabatdaky dükanlarda “American House” we “House of Seba”çilimleri arzan bahadan peýda boldy. Olaryň 1 sany çilimini 3 manatdan ýa-da bir gutysyny 60 manatdan satyn alyp bolýar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Bu ýagdaýlar beýleki marka çilimleriň arzanlamagyna getirdi. Eger öň olaryň biri 10-15 manada deň bolsa, indi olary 5 manatdan satyn almak mümkin.

Satuwa getirilýän çilimleriň hili bahasyna laýyk gelýär.

Görnüşi ýaly, çygly we saralan çilimleriň uzak wagtlap nädogry ýerde saklanandan soňra dükan tekjelerine getirilen bolmagy ähtimal.

“TH-niň” çeşmeleriniň habaryna laýyklykda,çilimler 2015-nji ýyldan bäri ammarlarda saklandy we täzeden işlenmäge mätäç.

Çilimlerden başgada, dükanlarda (ýerli ilatyň “mahorka” diýip atlandyrýan) saralan çilimleriň biri 1 manatdan satylýar.

Türkmenistanda çilim üpjünçiligindäki bökdençlikler 2016-njy ýylda çilim söwdasyna döwlet monopoliýasy girizilenden soňra başlandy.

Kanunçylyga laýyklykda, hususy dükanlarda çilim satmak gadagan.Emma, muňa garamazdan, islendik söwda nokadyndan çilim satyn almak mümkin, hatda, olaryň nyrhlary döwlet dükanlardakydan birnäçe esse gymmat.

Döwlet dükanlaryna çilimler örän seýrek getirilip,olaryň satuwy bolsa,mydama dawa-jenjelli we ýumruklaşmaly uzyn nobatlar bilen geçýär.The post Täzeden işlenmeli arzan çilimler Aşgabatda satuwa çykaryldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

9/11 ýyl dönümi: 11-nji sentýabr hüjümleri, terrora garşy global uruş we Merkezi Aziýa
Aşgabatda Ädimme-ädim atly konsert geçiriler
Ýewropanyň iň arassa şäherleri
SIZE MÄLIMMI?!
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar
“Harri Potteriň” lord Wolan-de-Mort baradaky prikweliniň resmi treýleri çykdy