Tatarystanly sungat ussatlary Mary welaýatynda saparda boldular

Tatarystanly sungat ussatlary Mary welaýatynda saparda boldular

Şu günler Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri dowam edýär. Medeniýet günleriniň çäklerinde Tatarystan Respublikasynyň sungat ussatlary Mary welaýatynda myhmançylykda boldular.

Tatarystanly myhmanlar Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda sebitiň medeniýet we sungat muşdaklary bilen duşuşyp, şowhunly sahna çykyşlaryny görkezdiler. Teatryň sahnasynda Tatarystan döwletiniň ussat aýdymçylarynyň, meşhur döredijilik toparlarynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk sazlary ansamblynyň Milli äheň atly aýdymly we tansly kompozisiýasy şowhunly garşylandy.Sahnada tomaşaçylara hödürlenen her bir çykyş tatar halkynyň baý medeniýetini, sungatyny we milli ruhuny açyp görkezdi.

Myhmanlaryň Nar agajy atly türkmen halk aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi aýdym-saz muşdaklaryna ruhy lezzet berip, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.Türkmen halkynyň gymmatly medeni mirasy bolan Küştdepdi tansynyň Döwlet halk sazlary ansambly tarapyndan belent heňlerde ýerine ýetirilmegi şu günki konserte gatnaşýanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Premer aýdymçylar toparynyň Bedew atly kapellasynyň şirin mukamy we täsirli sözleri ähli diňleýjilere egsilmeýän ruhy lezzet berdi.Dostlukly döwletiň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň gadymy Mary welaýatyndaky dostdoganlyga ýugrulan çykyşy tatar halkynyň baý milli aýdym-saz medeniýetini, gadymdan gelýän milli sungatyny giňden açyp görkezdi.

Myhmanlara Mary welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň adyndyn Gadymy Merw atly surat eseri we gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

— Biz indi iki gün bäri Türkmenistan döwletinde bolýarys.Aşgabatda hem-de Maryda bizi ýokary derejede dabaraly garşy aldylar.Meniň Garaşsyz Türkmenistana indi dördünji gezek gelşim.Bu ýurduň şäherleriniň arassalygy, tämiz, gür baglyga, gül-güläleklere beslenip oturmagy göwünlerimizi şat edýär. Şäherlerde boş gezip ýören adam ýok, her kim öz işi bilen gümra.

Türkmen halky zähmet çekmegi söýüşi ýaly, aýdym-sazyň, sungatyň hem aşygy.Her bir çykyşymyzy dowamly el çarpmalar bilen garşylaýarlar, gül desselerini gowşurýarlar.Bu hem biziň ylhamymyzy joşduryp, has-da şowhunly çykyş etmegimize alyp barýar.

Biz çykyşlarymyzda tatar halkynyň milli aýdym-sazlaryny, tanslaryny türkmen halkyna giňden ýaýdyk.Gadymy kökleri bir türkmen we tatar halklarynyň taryhynyň, diliniň, däp-dessurlarynyň ýakynlygy biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da ýakynlaşdyryp, barha jebisleşdirýär.

Biziň halklarymyz diňe bir medeni-ynsanperwer ulgamda däl, eýsem, syýasatda-da, ykdysadyýetde-de, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da hoşniýetli gatnaşyklary alyp barýar. Ýaşasyn türkmen tatar dostlugy!diýip, Tatarystanyň G.Tukaýa adyndaky döwlet filarmoniýasynyň çeper ýolbaşçysy Aýdar Faýzrahmanow belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Ankarada türkmen-türk syýasy geňeşmeleri geçirildi
Sotheby's: GFR-de 135 mln ýewro dünýäde iň gymmat awtoulag satyldy
GTA VI oýun muşdaklaryna geçmişe ser salmaga mümkinçilik berer
Aprel aýynyň iň öndürijilikli smartfonlary saýlandy
Dünýädäki iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy
Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler