TDHÇMB-da anna güni 55,2 million manatlyk tehniki kükürt satyldy

TDHÇMB-da anna güni 55,2 million manatlyk tehniki kükürt satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçiren söwdalarynda ýerli telekeçiler “Türkmengaz” döwlet konserninden umumy bahasy 55 million 200 müň manat bolan pes hilli tehniki kükürt satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berdi.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we BAE-niň işewürleri ýerli işewürlerden 1-nji hilli bugdaý ununy, Serbiýanyň işewürleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 267 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-niň anna güni geçiren söwdalarynda jemi 5 sany geleşik baglaşyldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 350 million 748 müň 700 ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşik baglaşyldy.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 470 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy