TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy.Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmengaz döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň telekeçilerine bugdaý uny, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty, pagta ýagy, nah ýüplük ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 244 million manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny (Türkmennebit döwlet konserni), pagta ýagyny, nah ýüplügi we nah matany, pagta süýümini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 611 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-da anna güni 55,2 million manatlyk tehniki kükürt satyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy
Mart I hepde: TDHÇMB-da 254 million manada golaý geleşik baglaşyldy
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy