Iýun II hepde: TDHÇMB-da $19,5 millionlyk geleşik baglaşyldy

Iýun II hepde: TDHÇMB-da $19,5 millionlyk geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşary ýurt walýutasyna jemi bahasy 19 million 507 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Serbiýanyň telekeçilerine bugdaý uny, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty, pagta ýagy hem-de nah ýüplük ýerlenildi.

Mundan başga-da, türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 244 million manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny, pagta ýagyny, nah ýüplügi, nah matany we pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 54 sany geleşik hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

TDHÇMB-da duşenbe güni 135 million manatlyk nebit bitumy satyldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryndan gowrak boldy
TDHÇMB-da anna güni 55,2 million manatlyk tehniki kükürt satyldy
Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million 818 müň dollaryndan gowrak boldy
Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy