Telefonlar kompýuter bilen sazlaşykly işlär

Intel kompaniýasy Windows amaly ulgamly kompýuterleriň telefonlar bilen sazlaşykly işlemegini üpjün edýän tehnologiýany taýýarlady.Intel Unison atly programma bilen kompýuterden telefondaky esasy dört işi jaň etmek hem-de jaňa jogap bermek, maglumatlary paýlaşmak, sms ibermek we kabul etmek, şeýle hem bildirişleri görmek.

Bu aýratynlyk birnäçe ýyldan bäri Apple-iň Mac kompýuterlerinde bardy.Intel Unison programmasy arkaly iOS hem-de Android amaly ulgamly mobil enjamlary kompýutere birikdirip bolar.Intel geçen ýyl Screenovate atly kompaniýany satyn alandan soňra telefonlaryň kompýuterler bilen sazlaşykly işlemegi üçin çözgüt taýýarlap başlapdy. Şeýle hem kompaniýa batareýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda Wi-Fi, Bluetooth we beýleki howa arkaly maglumat geçirijileri hem taýýarlaýar.

Täze programmanyň iPhone telefonlaryny hem kabul edýändigi esasy artykmaçlygy hasaplanýar.Intel-iň mobil innowasiýa bölüminiň ýolbaşçysy Joş Nýumanyň aýtmagyna görä, täze programma telefonlar bilen kompýuterleriň arasyndaky çalt maglumat geçirilmegini üpjün eder.

Döwran Nurmuhammedow,Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy
Türkmenistanda ylmyň gazananlary önümçilige ornaşdyrylýar
Maglumat geçirmegiň tizliginde täze rekord
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Arassa energiýa 11 göterim ýokarlanar
Önümçiligini artdyrar