Teýlor Swift “The Beatles”-iň rekordyny täzeledi

Amerikaly meşhur aýdymçy zenan Teýlor Swift täze rekord goýdy.Owadan aýdymçy dünýä belli rok aýdym-saz topary “The Beatles”-iň rekordyny täzeledi.Ol iň gysga wagtda 3 albom bilen sanawda birinji orny eýelän aýdymçy bolmagy başardy.

Swift geçen ýylda çykaran “Folklore” we “Evermore” albomlary hem-de 2008-nji ýylda çykaran “Fearless” albomynyň täze görnüşi bilen 259 günüň dowamynda aýdym-saz sanawlarynda birinji orna çykdy.Bu ugurda ozalky rekord “The Beatles” toparyna degişlidi.

Topar “Help!”, “Rubber Soul” hem-de “Revolver” albomlary bilen 364 günüň dowamynda 3 gezek sanawyň birinji ornuna çykypdy. Ýeri gelende aýtsak, Swift ýylyň albomy diýen ugurda 3-nji gezek Gremmi baýragyny gazanyp, bu ugurda-da rekord goýupdy.

The post Teýlor Swift “The Beatles”-iň rekordyny täzeledi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

66-njy Gremmi baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy
63-nji Gremmi baýraklary gowşuryldy, Beýonse, Swift, Billie Eilish öňe saýlandy
“Altyn globus” we “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
Madonna 60 ýaşady
62-nji “Gremmi” baýraklary gowşuryldy