TITU-da “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler

TITU-da “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakynda” Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (TITU) tarapyndan uniwersitetiň garamagynda hojalyk hasaplaşygynda işleýän “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkeziniň bellenen tertipde döredilmegini hem-de şu merkeziň Tertipnamasynyň taýýarlanylmagyny we bellenen tertipde tassyklanylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Bu merkeziň esasy maksady Türkmenistanda we sebitde innowasion nano, bio we maglumat, kiberhowpsuzlyk, sanly, “akylly”, emeli aň we maglumat-kommunikasiýa, kompýuter, mobil programmalary, elektron enjamlaryň tehnologiýalary ugurlary boýunça önümleri öndürmekden hem-de satmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany ýurtda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek we 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşy geçirmek hakynda Kararlara gol çekdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Resmi habarlar
TITU-nyň garamagynda Oguz han ylmy-tehnologiýalar merkezi dörediler
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa bolan saparynyň çäginde üç sany halkara resminama gol çekildi
Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda eko çäre geçirildi
Talyp gözeli — 2024 yglan edildi
Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda Brain ring bäsleşigi geçirildi