Tizlik Apple-iň üns merkezinde

Apple kompaniýasynyň güýzki önüm tanyşdyrylyş dabarasy bu ýyl 15-nji sentýabrda geçirildi. Dünýäniň ähli ýerindäki almanyň muşdaklaryny onlaýn platformada bir ýere jemlän kompaniýa akylly sagatlarynyň we planşetleriniň täze görnüşlerini, şeýle hem onlaýn hyzmatlarynyň kämilleşdirilen goşundylaryny köpçülige hödürledi. Howanyň üýtgemegine garşy göreşe ygrarlydygyny öňe sürýän Apple kompaniýasy enjamlarynda 100% gaýtadan işlenen önümleri ulanýandygyna ünsi çekdi.

Apple Watch-yň

soňky modelleri

Apple Watch Series 6 akylly sagadynyň esasy aýratynlygy gandaky kislorodyň derejesini ölçemäge niýetlenen sensorlardyr. Bu sensorlar gan öýjükleriniň tutuş bedene ýaýradýan kislorodynyň dykyzlyk göterimini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Sagadyň arka tarapynda ýerleşdirilen dürli diot çyrajyklar arkaly ýygnalan maglumat sagadyň dolandyryş ulgamyna ýerleşdirilen Blood Oxygen applikasiýasynda jemlenýär. Bu applikasiýa kislorodyň dykyzlygyny 70-100% aralygynda görkezip bilýär.

Ozalky modellerine garanyňda täze akylly sagadyň tehniki üpjünçiligi has kämilleşdirilipdir. Kompaniýanyň resmi beýanatyna görä, Series 6-a ýerleşdirilen watchOS7 dolandyryş ulgamy müşderileriň beden saglygyny ýakyndan yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Sagadyň programma üpjünçiligine ýerleşdirilen Family Setup aýratynlygy, maşgalada iPhone ulanmaýan çagalardyr ýaşulylara Series 6-nyň aýratynlyklaryndan doly peýdalanmaga şert döredýär.

Series 6 modelindäki goşa prosessor iPhone 11 smartfonlarynda ulanylan A13 Bionic tehnologiýasynyň binýadynda kämilleşdirilipdir. 90 minutda doly zarýadlanýan Series 6 18 sagat işlemäge ukyplydyr. Kompaniýa sagadyň ekranyna hem üýtgeşmeler girizipdir. Täze sagadyň ekrany Series 5-e garanyňda 2,5 esse has ýagtydyr.

Gök, gyzyl, çal we altynsow reňklerde öndürilen Apple Watch Series 6 akylly sagatlary 18-nji sentýabrda 399 we 499 dollardan satuwa çykaryldy.

Çäräniň dowamynda akylly sagatlaryň has amatly görnüşi bolan Apple Watch SE modeli bilen hem tanyşdyryldy. 279 we 329 dollardan satuwa çykarylan Watch SE-niň Apple Watch Series 3 akylly sagadyndan iki esse çalt işleýändigi aýdylýar.

Apple-iň dolandyryjylaryndan Jef Williamsyň aýtmagyna görä, Watch SE sagady Series 6-da ulanylan dizaýny Apple sagatlaryna mahsus iň esasy aýratynlyklar bilen birleşdirýär.

Täze iPad-ler

Onlaýn çärede Apple täze iPad-leriniň ikisi bilen tanyşdyrdy: sekizinji nesil adaty iPad we 10,9 dýuýmlyk iPad Air.

A12 Bionic prosessor ýerleşdirilen adaty iPad 329 we 459 dollardan satuwa çykaryldy. iPadOS 14 dolandyryş ulgamy bilen bazara goýberilen 10,2 dýuýmlyk planşetiň 40% çalt işleýändigi aýdylýar.

Dabaranyň iň gymmat önümi bolan iPad Air bäş tapawutly reňkde öndürilipdir. 12 megapiksellik kamera ýerleşdirilen täze planşetde Apple-iň häzirki wagta çenli iň güýçli prosessory bolan A14 Bionic hereket edýär. Kompaniýanyň wise-prezidenti Greg Ýozwiakyň aýtmagyna görä, täze iPad Air ozalky görnüşlerinden doly tapawutlanýar.

Oktýabrdan başlap, satuwa çykaryljak iPad Air-iň bahasy 599-729 dollar aralygynda üýtgär.

Apple hyzmatlarynyň

ählisi bir ýerde

Tanyşdyrylyş agşamynyň iň görnükli täzelikleriniň biri hem Apple One hyzmatydyr.Bu platforma kompaniýanyň Apple Music, Apple TV+, Apple Arcade, Apple News+, Apple Fitness+ we iCloud ýaly ähli abuna hyzmatlaryny bir ýere jemleýär.

Apple-iň muşdaklary diňe One-a agza bolmak arkaly ýokarda agzalan onlaýn hyzmatlaryň ählisinden peýdalanmaga mümkinçilik tapar.Apple One üç aýry nyrh meýilnamasy boýunça müşderilere hödürlenýär: Individual, Family we Premier.

Bu meýilnamalaryň aýlyk tölegi 14,95-29,95 dollar aralygynda üýtgemek bilen, hyzmatlaryň göwrümi taýdan biri-birinden tapawutlanýar.Güýz möwsüminden başlap, Apple One-yň Individual we Family nyrh meýilnamalary dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda elýeterli bolar.

Ýene degişli makalalar

“Altyn globus” baýragynyň ýeňijileri mälim edildi
“Apple” Hindistanda “iPhone 15”-iň önümçiligini ýola goýdy
"Apple” täze “iPhone 15” smartfonlary bilen tanyşdyrdy
Belgiýanyň Challenge Airlines awiakompaniýasy Aşgabatda gonup geçmek bilen ýük gatnawlaryny amala aşyryp başlady, Türkmen mekdep okuwçylary TURKSOÝ bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldylar we beýleki habarlar
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
“Amazon” “Palm Checkout” ulgamyny işe girizdi
“Troýa” filminiň režissýory aradan çykdy