Tokio awtoulag sergisinde tanyşdyryljak ulaglar

24-nji oktýabr 4-nji noýabr aralygynda Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçiriljek halkara awtoulag sergisinde görkeziljek ulaglar barada maglumat berlip başlandy. Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy bu sergide has täsin ulaglaryny görkezer.

Kompaniýanyň görkezjek “Copen GR” atly modeli kiçi hem-de sport görnüşli bolmagy bilen tapawutlanýar. Üsti açylyp ýapylýan iki orunlyk bu ulagyň öňümizdäki aýdan başlap, sargytlary kabul edip başlajakdygy mälim edildi.

Motorynyň göwrümi 660 cc bolan ulagyň kuwwaty 65 at güýjüne barabar.Sekiz reňkde çykaryljak ulagyň daşky we içki dizaýny sport awtoulag häsiýetlerini özünde jemleýär.Şeýle hem ýapon brendi LQ atly modelini hem köpçülige tanyşdyrar.

Bu model ilkinji gezek 2017-nji ýylda Las-Wegasda geçirilen CES sergisinde nusgalyk görnüşinde tanyşdyrylypdy.Ulagyň içki dizaýnynda hem tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan peýdalanylypdyr.Sürüjiniň öňündäki sensor ekranynda dürli maglumatlary görmek bolýar. “Toyota”-nyň soňky modellerinde awtomatlaşdyrylan ulgamyň 4-nji derejesinden peýdalanylýar.

Bu dereje dolulygyna özbaşdak hereket edýän, ýagny sürüjisiz ulagyň öň ýanyndaky basgançak hasaplanýar.Ulagyň uzynlygy 4530 millimetre, ini 1840 millimetre we beýikligi 2700 millimetre barabar.Ulagda “Yui” atly emeli aňdan peýdalanylypdyr.

Bu tehnologiýa esasynda sürüji ulagyny belli bir aralykdan ýanyna çagyryp bilýär.Ulag sürüjisiz ýagdaýda “hojaýynynyň” ýanyna gelýär.Elektrik energiýasy bilen hereket edýän ulag bir gezekki zarýady bilen 300 kilometr ýol geçýär.

Kompaniýa ulagyň awtomatlaşdyrylan tehnologiýasyny kämilleşdirmek üçin “Panasonic” bilen hyzmatdaşlyk edipdir.Ulagyň sergide iň köp ünsi çekjek modelleriň biri bolmagyna garaşylýar.“Mitsubishi” kompaniýasy bolsa özüniň iki modelini sergä çykarmaga taýýarlanýar. Ýapon kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi göwrümli SUV modeli “MI-TECH CONCEPT” we “Super Height K-Wagon Concept” atly ulagyny görkezer. Şeýle hem, şu ýylyň martynda Ženewa awtoulag sergisinde tanyşdyrylan orta ululykdaky “Engelberg Tourer”, “Outlander PHEV plug-in”, “Eclipse Cross” we “Delica D:5” modellerini hem awtoulag muşdaklaryna görkezer. “MI-TECH CONCEPT”-iň ähli ýol we howa şertlerinde rahat sürüşi üpjün etjekdigi bellenilýär.

Has ýeňil materiallardan öndüriljek 4 hereketlendirijili bu ulag ygtybarlylygy bilen hem tapawutlanýar.Model şol bir çyzyk aralygyny yzarlaýan, öňdäki ulag bilen aralygy saklaýan, tizligi çendenaşa köpelmeginiň öňüni alýan ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen.

Ýene degişli makalalar

Ýagşymyradow Nedonyň üstünden gazanylan ýeňişden soňra Türkmenistana dolanýar
UFC 276: Çempionlyk guşaklary eýelerinde galdy
“Gucci” kriptopul tölegini kabul eder
Artyk agramy üçin UFC-niň titulyndan mahrum edilen Oliweýra Getjiden üstün çykdy
Biwol Alwaresi ýeňip, WBA boýunça dünýäniň çempiony titulyny gorady
Aýbölek mebel dükanynyň hünärmeni kärhananyň halkara baýraklary barada gürrüň berdi