Toyota Rav4-iň täze wersiýasy tanyşdyryldy

Toyota Rav4-iň täze wersiýasy tanyşdyryldy

Toyota Rav4 krossoweriniň täze wersiýasy ýapon bazaryna hödürlendi, ol Adventure Offroad package II diýip atlandyryldy. Krossower kuzowynyň ýolsuz ýerde sürülýän ulaglara häsiýetli bolan çyzylmakdan, gopmakdan we beýleki zatlardan goraýan ýörite tutuksy reňklere boýalan gara bölekleri bilen tapawutlanýar.

Şeýle örtük onuň öňki bamperinde, gapdal aýnalarynyň korpuslarynda, tigir arkolaryny giňeldijilerde, üçeginde we bagaž reýlinglerinde bar.Bu bölekleriň ählisi ýörite Gori Gori Black reňki bilen reňklenen.Ol reňk çarkandakly ýollarda çyzylmakdan we daşky gurşaw bilen ýeňil galtaşmalardan goraýar. Şonuň bilen birlikde Toyota modeliň enjamlaşdyrylyşyny gowulandyrdy: ştatdaky multimedia toplumy Wi-Fi-ýa çatmaga hyzmat edip biljek 10,5 dýuýma çenli ulaldylan ekrana eýe boldy, Toyota Safety Sense howpsuzlyk ulgamynyň toplumy bolsa ulag saga, çepe öwrülende ýoldan geçip barýan pyýadalary tanaýar we olar gabat gelende awtomatik usulda gyssagly tormoz berilmegine gatnaşýar. Ýaponiýada Toyota Rav4 Adventure Offroad package II-iň bahasy 27 müň dollardan 31 müň dollara çenli aralykda.

Ýene degişli makalalar

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleri geçirildi
2020- -nji ýylyň modelleri taýýar
Krossuň taryhy çempionlygy
Putin Grossi Bilen Duşuşdy
Demirgazyk Koreýada 2-nji Atom Reaktory Işe Girişdi
Lukman ýeralmanyň peýdalydygyny düşündirdi