TRT-nyň Baş Müdüri ABU-nyň Başlyklygyna Saýlandy

Takmynan 3,5 milliard tomaşaça ýeten we 65 ýurtdan 246 agzasy bilen dünýäniň iň uly ýaýlym organy bolan Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 60-njy baş geňeşi Günorta Koreýanyň Ýaýlym guramasynyň ýer eýeçilik etmeginde 31-nji oktýabr 1-nji noýabr aralygynda Seul şäherinde geçirildi.

Maslahatda TRT-niň Baş müdüri Mehmet Zahid Sobajy 3 ýyllygyna ABU-nyň başlygy hökmünde saýlandy.

Mehmet Zahid Sobajy, dünýäniň iň uly ýaýlym birleşigi bolan ABU-nyň başlygy hökmünde saýlanmagynyň Türkyäniň ähli ugurlar boýunça lider bolmak maksatnamasy ugrunda möhüm ähmiýete eýedigini habar berdi.

ABU-nyň başlyklygynyň Türkiyä gelmegini Türkiyäniň beýgelişiniň bir ädimi, bir ýüz çykmasydygyny pikir edýändiklerini aýdan Mehmet Zahid Sobajy: "ABU-nyň başlyklygynyň Respublikanyň 100 ýyllygyna gabat gelmegi bizi aýratyn begendirdi.

Bu millet haýsy şertde bolsa bosun, mümkinçilikleri nähili derejede çäkli bolsa bosun, göreşinden asla egilşik etmedi we maksatlaryny hemişe durmuşa geçirdi. Şol sebäpli dünýädäki iň uly ýaýlym birleşiginiň bu maksatlar üçin hödürleýän mümkinçiliklerini we potensialy şol maksatlaryň çäginde mibilizläp bu tapgyry has hem güýçli ýagdaýda amala aşyryp biljekdigimizi pikir edýärin" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Diýanat Gaznasy Nigeriýada Suw Guýularyny Açdy
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
TRT Ispan Digital Habar Platformasy Düşümli Bolsun
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Şimşek: "Türkiyäniň ykdysadyýeti ynam döredýär" diýdi
TRT 23-nji aprel Çagalar festiwaly giňden belenilip geçilýär
Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Al-Falih bilen duşuşyk geçirdi