Türk Harby Gämisi 2022 FIFA Dünýä Kubogy Üçin Katara Bardy

2022 FIFA Dünýä kubogynda howpsyzlygyň üpjün edilmegi maksady bilen ýola çykan TCG BURGAZADA atly harby gämi Katara bardy.

Kataryň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Emirligiň deňiz güýçlerine degişli Um Al Hawl deňiz bazasynda TCG BURGAZADA F-513 gämisi garşylandy. Türk gämisi Katarda geçiriljek 2022 FIFA Dünýä kubogynyň Galkany operasiýasyna gatnaşar” diýildi.

Katar noýabr aýynyň 20-y bilen dekabr aýynyň 18-i aralygydna 2022 FIFA Dünýä kubogyna ýer eýeçiligini eder.

Kuboga 32 komanda gatnaşar.

Katar, Ýakyn Gündogarda dünýä kubogyna ýer eýeçiligini etjek ilkinji Arap ýurdy bolar.

Ýene degişli makalalar

Altyn asyr Nebitçiniň we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy
Taýlandyň Futbol assosiasiýasy Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip edýär
Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär
Döwrebap kitaphana açyldy
Geranda işçi egin-eşikleri 150 manatdan başlanýar
Türkmenistan dizel ýangyjynyň bahasy iň arzan ýurtlaryň hataryna girdi