Türkmenistan dizel ýangyjynyň bahasy iň arzan ýurtlaryň hataryna girdi

Türkmenistan dizel ýangyjynyň bahasy iň arzan ýurtlaryň hataryna girdi

Türkmenistanda dünýäde dizel ýangyjynyň bahasy iň arzan ýurtlaryň biridir. Bu barada GlobalPetrolPrices portaly tarapyndan dünýäde dizel ýangyjynyň bahasy boýunça taýýarlanan reýtinginde degişli maglumatlar berilýär.

5-nji dekabrda çap edilen iň soňky maglumatlara görä, Türkmenistanda bir litr dizel ýangyjynyň bahasy 0.390 dollara deň bolup, ol bu barada dünýäde dokuzynjy ýerde durýar.

Sanawda birinji orunda Eýran ýerleşip, bu ýurt dizel ýangyjyň iň arzan döwleti boldy. Eýranda bir litr dizel ýangyjy üçin 0.011 dollar tölemek ýeterlikdir. Şeýle hem ilkinji üçlüge Wenesuela we Liwiýa girdi. BU ýurtlarda bir litr dizel ýangyjynyň bahasy degişlilikde 0.016 we 0.031 dollara barabar.

Ýeri gelende bellesek, dünýäde dizel ýangyjynyň ortaça bahasy litr üçin 1,33 dollar diýlip hasaplanylýar.

Mundan ozal, Türkmenistanyň AI-95 benzininiň bahasy iň arzan döwletleriň hatarynda hem ilkinji onluga girendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Owazy kalplaryň baky myhmany
Altyn asyr Nebitçiniň we milli ýygyndymyzyň derwezeçisini düzümine goşdy
Taýlandyň Futbol assosiasiýasy Türkmenistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip edýär
Çägeden heýkel ýasamak festiwaly geçirilýär
Döwrebap kitaphana açyldy
Geranda işçi egin-eşikleri 150 manatdan başlanýar
Türk Harby Gämisi 2022 FIFA Dünýä Kubogy Üçin Katara Bardy