Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Ministr Fidan Şwesiýa reaksiýa görkezdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Şwesiýada Gurahana garşy guralan hüjüme reaksiýa görkezendigini ýazýar.

“Şwesiýada Gurahana guralan kemsidiji hüjümi we beren duýduryşlarymyza garamazdan bu hüjüm meselesinde ünssiz çemeleşilmegini ýene-de bir gezek berk ýazgarýarys” diýen Fidan, “Strategiýa we howpsuzlyk taýdan Şwesiýanyň NATO agza bolmagynyň bähbitli bolup bolmajakdygy meselesi jedelleşikli” diýdi.

“Star” gazeti, “Türkiýe bilen Müsür ilçi belledi” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Müsüriň diplomatik gatnaşyklary ösdürmek we ilçi bellemek barada karar kabul edilendigini mälim edýär. Iki ýurt tarapyndan berlen bilelikdäki beýannamada Türkiýäniň Kaire ilçi hökmünde Ilçi Salih Mutlu Şeni, Müsüriň hem Ankara ilçi hökmünde Amr Elhamamini dalaşgärlige hödürländigi nygtaldy.

“Sabah” gazeti, “THÝ, iň gowy howa ýoly boldy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň, halkara finans guramasy World Finans tarapyndan “Iň gowy howa ýoly firmasy” baýragyna mynasyp bolandygyny habar berýär.

“Habertürk” gazeti, “Ýokary okuw jaýlary guramasynyň QS-iň 2024 Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawy baradaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Ýokary okuw jaýlary guramasyndan berlen beýannama görä, dünýäde ýakyndan tanalýan 2 müň 963 uniwersitetiň arasynda geçirlen we 1503 uniwersitete ýer berlen QS 2024 Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda Türkiýeden 24 uniwersitet ýer aldy.

“Ýenişafak” gazeti, “Robot “Sophia” Çamlyjy diňinden radio ýaýlymyny alyp barar” söz başyly habarynda, adama meňzeýän emmeli intellekt Sophia robotyň, iýul aýynyň 6-7-i aralygynda Ženewadan ýaýlym beriljek radio gepleşigine Stambuldaky Çamlyja diňinden gatnaşyp dünýäde ilkinji gezek radiony ýaýlymyny alyp baran robot çinine eýe boljakdygyny habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny