Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Daşary işler ministri Hakan Fidandan Şweziýa ýüzlenme” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde beren beýannamasynda, “Şwesiýanyň NATO agza bolmagy üçin kanuna üýtgetme girizmegi ýeterlik bolmaz. Şwesiýa terrora garşy içgin göreş alyp barmaly” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah” gazeti, “Erdogan, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we Kişidany Türkiýä çagyrandygyny habar berýär.

“Ýeni Şafak” gazeti, “794 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri terrora garşy 19-y uly göwrümli bolmak bilen jemi 320 operasiýanyň geçirlendigini, şol operasiýalarda 794 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim edendigini belleýär.

“Star” gazeti, “Stambul howa menzili Iň gowy göniden arabaglanşyk hödürleýän howa menzilleriniň hatarynda birinji boldy” söz başyly habarynda, Ýewropa halkara howa menzilleri geňeşiniň 2023 howa arabaglanşygy habarnamasyna görä, Stambul howa menziliň, Ýewropa howa menzilleriniň arasynda Iň gowy göniden arabaglanşyk hödürleýän howa menzilleriniň hatarynda birinji bolandygyna ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti, “Arda Güler Real Madritde” söz başyly habarynda, futbol dünýäsiniň tanymal liderlerinden Real Madrid komandasynyň, Fenerbahçeden Arda Güleri alandygyny resmi taýdan mälim edendigini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny