Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: ÝB indi ýalňyşdan el çekmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Wengriýa saparyndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň soraglaryna jogap berendigini ýazýar.Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk tapgyry hakynda durup geçen Erdogan; “ÝB-e agzalyk üçin ençeme ýurtdan has taýýarlykly bolan Türkiýäniň uzak ýyllardan bäri syýasy bökdençlikler sebäpli gapyda garaşdyrylmasy ýalňyş. İndi ÝB bu ýalňyşdan el çekmeli” diýdi.

“Star” gazeti “Orban: Türkiýe bolmasa howpsuzlygymyz ýok” söz başyly habarynda Wengriýanyň paýtagty Budapeşte sapar eden Erdoganyň duşuşyklaryna wenger metbugatynyň giň orun berendigine ünsleriçekýär. Erdogan bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň duşuşygyny “Türkler we wengerler 21-nji asyryň bilelikde üsün çykanlary bolar” söz başysyny saýlap alan wenger metbugaty, Orbanyň “Türkiýe bolmasa Wengriýanyň howpsuzlygy ýok” diýen sözlerine hem orun berdiler.

“Hürriýet” gazeti “Daşary işler ministri Hakan Fidan Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýn bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn Yragyň Daşary işler ministri Fuad Hüseýn bilen duşuşandygyny ýazýar. DAşary işler ministrliginiň resmi X hasabyndan berilen habarnamada, Fidanyň Hüseýini Ankarada kabul edendigi habar berildi.

“Watan” gazeti “Daşary işler ministrligi Hytaýa duýgudaşlyk bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginden düýn berilen beýannamada; “Hytaýda bolan ýer titremede pida bolanlaryň maşgala agzalaryna, hytaý halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýeden 119 uniwersitet dünýäniň iň gowy 3 müň okuw jaýynyň hataryna goşuldy” söz başyly habarynda, Ýakyn Gündogar Tehniki Uniwersitetiniň İnfografika institutynyň çäginde iş alyp barýan Ylmy barlag merkeziniň taýýarlan sanawyna Türkiýeden 119 ýokary okuw jaýynyň goşulandygyny mälim edýär. Hajettepe uniwersitetibolsa iň ýokary derejä eýe boldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny