Türkiýäniň Geosyýasy Ugurlardaky Pozisiýasy Grek Metbugatynyň Üns Merkezinde

Türkiýäniň Geosyýasy Ugurlardaky Pozisiýasy Grek Metbugatynyň Üns Merkezinde

“Proto Thema” gazeti “Türkiýäniň asyry” söz başysy bilen Galkynyş ýoly taslamasy, Zengezur geçelgesi we Trans Hazar tebigy gaz geçirijisi boýunça analiz habar çap etdi.

Prezident R.T.Erdoganyň stratregik üç geçelge boýunça göçümlerini seljerýän makalada “Erdogan bu göçümler bilen deňagramlygy Türkiýäniň bähbidine özgerdýär” diýilýär.

Makalada; “Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli goranmak ministri Ýaşar Güler we Milli howpsuzlyk gullugynyň Başlygy İbrahim Kalynyň Yraga guran sapary Galkynyş ýoly taslamasy üçin gök çyra manysyny aňladýar” diýilýär.

Bu taslama bilen Yragyň Pars aýlagyndaky portunyň Türkiýä, ol ýerden hem Ýewropa birikjekdigi nygtalýar.

Zengezur geçegesiniň bolsa Azerbaýjany Türkiýä birikdirjek taslamadygy beýan edildi.

Grek gazeti Trans Hazar tebigy gaz geçirijisinde Türkiýäniň eýeleýän möhüm pozisiýasyny hem gürrüň berdi.

Türkiýäniň Türkmenistan bilen tebigy we uglewodorod serişdeleri boýunça alynky hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişendigi ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny