Türkiýäniň günorta-gündogarynda meteorit gaçdy

Türkiýäniň günorta-gündogarynda meteorit gaçdy

Ýekşenbe güni Türkiýäniň günorta-gündogarynda asmandaşy (meteorit) gaçdy, onuň ýanýan bölekleri ýurduň ülkeleriniň birnäçesinde göründi diýip, NTV teleýaýlymyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Asmandaşy Ýere gaçanda, gije edil gündizlik ýaly ýagtylyp gitdi diýlip, habarda aýdylýar. Ol Şanlyurfa ülkesine gaçdy, onuň ýere gaçyşyny Malatýa, Erzurum, Elýazyg we Gaziantepe ülkeleriniň ýaşaýjylary synladylar.

Asmandaşynyň ýere gaçmagy bilen baglylykda, ejir çekenler we ýykylan binalar ýok. Şeýle hadysa dünýäde seýrek däldir, alymlar henize çenli Ýere meteoritleriň müňden gowragynyň gaçandygyny hasaba aldylar.

Ýene degişli makalalar

Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Keniýada we Somalide güýçli çabgalardan 30 adam pida boldy
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar