Türkiýäniň wiza operatory “Mosaic Visa” Aşgabatda täze edarasyny açdy

Türkiýäniň wiza operatory “Mosaic Visa” Aşgabatda täze edarasyny açdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza arzalarynyň kabul edilmegi boýunça resmi operator bolan “Mosaic Visa” wiza merkezi Aşgabatda täze edarasyny açdy. Dabara hormatly myhmanlaryň, şol sanda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisiniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu barada kompaniýa sişenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň täze edarasy 4-nji maýdan başlap 2127-nji köçesiniň (G. Kulyýew adyndaky), 88-nji jaýynda, “Nowruz haly” binasynda işe başlady.

Wiza almak isleýän raýatlar resminamalary kompaniýanyň onlaýn portaly arkaly ýa-da wiza merkezine şahsy ýüz tutmak arkaly tabşyryp bilerler.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda wiza tertibi 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda güýje girizildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä syýahatçylyk, iş, okuw, hyzmat, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşdäki wizalary resmileşdirip bilerler.

Ýene degişli makalalar

“Mosaic Visa” Türkiýäniň Türkmenistandaky täze wiza operatory bolar
Bilet gytçylygynyň arasynda türkmen raýatlary Russiýa Özbegistanyň üsti bilen aşýarlar
Şengen wizasy sanlylaşar
Lebapda gazanç üçin Demirgazyk Kipra gidýän köpeldi
Norwegiýada Isanyň ýüzi şekillendirilen şaýy pul tapyldy
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny