Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga geçirimlilik ýok

Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga geçirimlilik ýok

Maşgala we sosial üpjünçilik ministrligi aýal-gyzlara garşy zorlugy zenanlaryň fiziki, jynsy, psihiki ýa-da ykdysady taýdan zyýan çekmegine sebäp bolýan bilkastlaýyn hereket hökmünde kesgitleýär. Şeýle zorluklar öýde, iş ýerinde ýa-da jemgyýetde haýsydyr bir ýerde edilip bilinýär.

Aýal-gyzlara garşy zorluk; zenanlaryň ýaşamak hukugy, şahsy howpsuzlyk, fiziki ýa-da pshologik bütewiligi bilen ykdysady we sosial durmuşa goşulyşmak hukuklary ýaly başlangyç hukuklary basgylanýar.

Türkiýede aýal-gyzlara garşy zorluga garşy göreşde milli syýasatyň we strategiýalaryň utgaşdyrylmagy Maşgala we sosial üpjünçilik ministrliginiň Zenanyň hukuk derejesi baş müdürliginiň garamagyndadyr.

Ministrligiň bu ugur boýunça ýörite hyzmat ediş bölümleri bardyr.

Zorlugyň öňüni almak we gözegçilik merkezleri (ZÖAGM)

Zorlugyň öňüni almak we gözegçilik merkezleri, zorlugyň öňüniň alynmagy we gorag çäreleriniň netijeli iş ýüzüne geçirilmegine gözegçilik etmek hem-de goldaw beriji hyzmatlary hödürleýän sosial üpjünçilik guramalarydyr. Şol merkezlerde zorlukdan ejir çekenlere psihososial goldaw, hukuky ýardam, okuw-seminarlary, saglyk we ykdysdy goldaw bilen zenan myhmanhanalaryna ýerleşdirmek ýaly hyzmatlar berilýär. Şol merkezler 81 welaýatda 86 gurama arkaly iş alyp barýar.

Zenan Myhmanhanalary

Zenan myhmanhanalary zorlukdan ejir çekýän aýal-gyzlar bilen çagalarynyň goralmagyny howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýän ýatak jaýly sosial üpjünçilik guramalarydyr. Şol guramalarda ýaşaýyş üpjünçiliginiň ýany bilen aýal-gyzlaryň psiho-sosial meselelerine çözgüt tapylyp, olaryň kadaly durmuşa dolanma tapgyrlaryna goldaw berilýär. Ministrlige degişli 112 zenan myhmanhanasy bar we şol hyzmatdan peýdalanmak isleýänler ZÖAGM arkaly ýüz tutup bilerler.

Sosial üpjünçilik merkeziniň Zorluga garşy göreş boýunça aragatnaşyk nokatlary

Ministrlik etraplarda ZÖAGM-ler bilen utgaşykly hyzmat hödürläp, zorlukdan ejir çekýänlere ýolbeletlik hem-de geňeşdarlyk hyzmatlarynyň berilýändigini, şol çäkde ýurt boýunça 432 nokadyň iş alyp barýandygyny beýan etdi.

Ejir çekýänlere goldaw ulgamlary arkaly aýal-gyzlara zorluga garşy göreşde ýüztutmaga we gyssagly çäre görmäge şert döredilendigi hem beýan edildi.

Alo 183 Zorluga garşý göreş liniýasy

Zorlukdan ejir çekýänlere 7/24 ýüztutmaga şert döredýän Alo 183 liniýasy bilen gyssagly çäre görmek, ýolbeletlik we geňeşdarlyk hyzmatlary berilýär.

Zenanlara goldaw boýunça modil tilsimat ulgamy

Ulgam arkaly smart telefonlara düşürilip bilinýän, diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen mobil tilsimatdyr. Tilsimat arkaly “kömek sora” düwmesine basylmagyndan soň iň ýakyn güýç ulanyjy gullukçylary ejir çekýäniň geolokasiýasyna gysga möhletde barýarlar.

Ýene degişli makalalar

Hukuk goraýjylar ÝB-Türkmenistan gepleşiklerinde adam hukuklarynyň 'gözden salynmazlygyny' soraýar
“Penje Gylyç” Operasiýasynda 184 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
“Olary diri görkeziň!”: ÝHHG ýurtlary dereksiz ýitirmelere garşy berk çäre görmeli
Mary: Aýazly howada oba ilaty odun ýakyp ýylynmaga mejbur bolýar
Aziýa Parlamentlar Assambleýasynyň Maslahaty Antalýada Geçirilýär
TBMM-niň Başlygy Şentop, Antalýada Özara Duşuşyklar Geçirdi