TÜRKMEN HALKYNYŇ ARKADAGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

TÜRKMEN HALKYNYŇ ARKADAGYNYŇ HORMATYNA BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

29-njy iýunda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.Bu dabara halkara jemgyýetçilikde uly abraýa mynasyp bolan, adamzadyň ählumumy meselelerini çözmekde işjeň orny hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen tanalýan, häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli döredijilik sowgady boldy.

Ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen döwlet işini alyp barýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli geçirilen konsertde şowhunly el çarpyşmalaryň yzy üzülmedi. * * * Şu günki baýramçylyk konsertiniň öňüsyrasynda daşary ýurtly tanymal estrada aýdymçylarynyň, hususan-da, Şwesiýadan Doktor Albanyň we ABŞdan Akonyň çykyşlary daşary ýurt aýdymlarynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
Euro 2024-iň bijeleri çekildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe bilen Albaniýanyň Diplomatik Gatnaşyklaryna 100 Ýyl Doldy
Türkiýeden 96 Ýurda 151 Million 568 Müň Dollarlyk Fystyk Eksport Edildi
Daşary Işler Ministri Fidan Resmi Sapar Bilen Albaniýa Gitdi