Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

14-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada hasabat berdi.

Türkmen-türk gatnaşyklary gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Gap Inşaat kompaniýasyna ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan täze desgalaryň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň ynanylýandygyny, ertir bolsa Aşgabatda bu toplumlaryň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmen-türk söwda dolanyşygy 1,5 milliard dollardan geçdi
Türkmen-türk özara maýa goýumlary 200 million dollardan geçdi
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
28-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanda geçiriljek türk harytlarynyň sergisine 100-den gowrak türk kompaniýasy gatnaşar