Türkmen lukmanlarynyň 150-si Germaniýa iş saparyna ugradylar

Türkmen lukmanlarynyň 150-si Germaniýa iş saparyna ugradylar

Lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistanyň lukmanlarynyň 150-sininiň Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradylmagy meýilleşdirilýär.

Bu barada Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow çarşenbe güni Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Germaniýa guraljak iş sapary saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam etmek maksady bilen gurnalýar.

Şeýle hem, ministr merkeziň bölümlerinde bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişi, aýratyn-da, dogabitdi ýürek kemisligi bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylar
20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Wise-premýer Amannepesow Türkiýäniň bilim ministri bilen duşuşdy
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlandy, Aşgabatda türkmen-azerbaýjan işewürlik maslahaty geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanda Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama tassyklanyldy
Türkmenistanyň ýygyndy toparlary Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal