Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen C5+1 formatyndaky duşuşyga gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçirilen C5+1 formatyndaky duşuşyga gatnaşdy

Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji sessiýasynyň dowamynda ABŞ-nyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri we wekilleri duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de C5+1 diplomatik platformasynyň çäginde gatnaşyklary dowam etmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, 22-nji sentýabrda geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda 30 ýylyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam edip gelýändigini hem-de BMG-niň düzgünnamasyny goldamaga ygrarlydyklaryny bellediler.

Diplomatlar 2015-nji ýyldan bäri C5+1 formatyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda umumy maksatlara ýetmek hem-de özara gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, C5+1 Sekretariatynyň döredilendigi habar berildi.

Türkmen tarapy duşuşykda eden çykyşynda syýasy we durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen, özara maýa goýumlary, sebitleýin derejede gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, sosial we energetika taslamalaryny giňeltmäge mümkinçilik döredýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmen diplomaty Merkezi Aziýa-Hytaý sekretariatynyň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistanlylar halkara surat bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi
Türkmenistanda iýuldan Bakuwda geçiriljek COP29 maslahatyna ulgamlaýyn esasda taýýarlyk başlanar