Türkmen wekiliýeti TDG-niň daşary syýasaty öwrenmek boýunça ylmy-barlag merkezleriniň forumyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti TDG-niň daşary syýasaty öwrenmek boýunça ylmy-barlag merkezleriniň forumyna gatnaşdy

28-nji sentýabrda Gazagystanyň Astana şäherinde Türki döwletleriň guramasyna agza we synçy döwletleriň daşary syýasaty öwrenmek boýunça resmi ylmy-barlag merkezleriniň mejlisi geçirildi. TDG-niň liderleriniň sammitiniň öňüsyrasynda geçirilen bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Şu ýyl 9-njy gezek geçirilen bilermenleriň ýyllyk mejlisiniň açylyşynda TDG-niň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Bilermenler forumynyň şu ýylky temasy Türki döwletleriň hyzmatdaşlygy: dartgynly dünýäde köpri gurmak we gepleşikler diýlip atlandyryldy.

Soňra ählumumy çökgünlik döwründe özara ynanyşmagyň ähmiýetine bagyşlanan umumy mejlis geçirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler Türki döwletleriň guramasynyň häzirki kyn geosyýasy şertlerde dünýäniň syýasy landşaftynda garaşsyz gurluş hökmünde peýda bolmagynyň taryhy ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Samarkantda geçirilen TDG-niň sammitinyň guramanyň işine täze itergi berendigi nygtaldy.

Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew kärdeşlerine ýüzlenip, bu gurama gatnaşýan döwletleriň Aziýanyň merkezi bölegindäki giň geografiki giňişlige wekilçilik edýändiklerine ünsi çekdi. Şeýle-de olaryň Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriň merkezinde ýerleşip, belli bir ykdysady artykmaçlyklara eýediklerini belledi.

Ş.Şiriýew ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylaryny parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, suw üpjünçiligini gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly häzirki zaman kynçylyklaryna mynasyp jogap bermegiň, halkara terrorçylyga we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmegiň ukyply guraly hökmünde Türkmensitanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynda öňe sürlen Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjyny goldamaga çagyrdy.

TDG-ä agza we synçy döwletleriň daşary syýasaty öwrenmek boýunça ylmy-barlag merkezleriniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda bilermenler TDG halkara we sebitleýin howpsuzlyk meselelerinde, Türki hyzmatdaşlygyň esaslary: ykdysady taslamalar we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýaly temalar boýunça hem pikir alyşdylar.

Ýeri gelende bellesek, TDG-ä agza we synçy döwletleriň daşary syýasaty öwrenmek boýunça ylmy-barlag merkezleriniň şu gezekki mejlisine Türkmenistan bilen bir hatarda Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Wengriýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň hem-de Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Samarkantda geçirilen CMS COP 14 maslahatyna gatnaşdy
Ali Şir Nowaýy
Türkmenistan Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki foruma gatnaşar
Wladimir Putin resmi sapar bilen Gyrgyzystana bardy
GDA-nyň teatr festiwaly Özbegistanda geçiriler
Orta Aziýa-ABŞ Döwlet Ýolbaşçylarynyň Birinji Sammiti Nýu-Ýorkda Geçirildi