Türkmenistanyň wekiliýeti Samarkantda geçirilen CMS COP 14 maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Samarkantda geçirilen CMS COP 14 maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 12 — 17-nji fewral aralygynda Samarkantda geçirilen Ýabany haýwanlaryň göçüp gidýän görnüşlerini gorap saklamak baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (CMS / COP14) 14-nji maslahatyna gatnaşdy.

Maslahata Bonn Konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalary, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy we ýabany haýwanlary goramak boýunça dünýäniň iň iri guramalarynyň agzalarydyr alymlar şeýle hem beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşdylar.

Maslahatyň maksady göçüp gidýän haýwanlary we olaryň ýaşaýan ýerlerini goramakdaky häzirki zaman meselelerine çözgüt tapmakdan ybarat boldy. Maslahat Tebigat serhet bilmeýär şygary astynda geçirildi. Onuň dowamynda haýwanlaryň Gyzyl kitaba girizilen görnüşlerini, şol sanda saýgaklary, gar barslaryny we beýlekileri gorap saklamagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow ýolbaşçylyk etdi.

Maslahatyň netijesinde Konwensiýa laýyklykda geljekde durmuşa geçirmeli meýilnamalaryň esasy ugurlaryny kesgitleýän 2024 2032-nji ýyllar üçin täze Strategiki meýilnama kabul edildi.

Ýadyňyzda bolsa mundan ozal Gazagystanyň Türkmenistan bilen Gyzyl kitaba girizilen haýwanlary gorap saklamak boýunça ekologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýabany tebigatyň goraglylygyny güýçlendirmek üçin “CITES” konwensiýasyna goşuldy
Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar
Türkmenistan Samarkantda geçirilýän Aziýa zenanlar forumyna gatnaşýar
Türkmenistan Merkezi Aziýa Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi görnüşindäki foruma gatnaşar
Özbegistanda 100-den gowrak bina bezegleri medeni miras diýlip yglan edildi
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk