Türkmen zenan telekeçisi doňdurylan gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň önümçiligini alyp barýar

Türkmen zenan telekeçisi doňdurylan gök-bakja önümleriniň, ir-iýmişleriň önümçiligini alyp barýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Amandursun Begjanowa degişli bolan kärhanada gök-bakja önümlerini we ir-iýmişleri terligine doňdurmak arkaly gaplama önümçiligi alnyp barylýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu kärhanada her gün 500 kilogramdan 1 tonna çenli gök-bakja önümleri gaýtadan işlenilýär. Daýhanlar we bagbanlar bilen baglaşylýan şertnamalar esasynda bu ýere tapgyrlaýyn esasda dürli görnüşli gök-bakja önümleri, şol sanda ir-iýmişler getirilýär.

Zenan telekeçi Amandursun Begjanowanyň gürrüň bermegine görä, doňdurma işleri amala aşyrylanda ýörite usul ulanylyp, gök-bakjalardyr ir-iýmişler -40-dan -120-ä çenli sowuklyk derejesinde doňdurylýar.

Häzirki wagtda kärhanada dogralan ýeralma, brokkoli kelemi, bolgar burç ýaly gök-bakja önümler, ülje, garaly, böwürslen, gara smorodina, ýertudana ýaly ir-iýmişler doňdurylýar.

Telekeçi Amandursun Begjanowa degişli bolan bu kärhananyň önümleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Halk market” dükanlar toplumynyň degişli söwda nokatlaryna ugradylýar.

Şeýle hem doňdurylan gök-bakja önümleri we ir-iýmişler alyjylar üçin amatly bolan dürli ölçegli gaplara gaplanylýar. Önümçilikde ulanylýan bu gaplar “Halk market” dükanlar toplumyna degişli bolan “Berk plastik” kärhanasynda ýerli çig maldan taýýarlanýar.

Ýene degişli makalalar

Balam konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy
Türkmenistan bilen Täjigistanyň işewürleriniň arasynda bäş sany ylalaşyga gol çekildi
TÝL ― 2021: Röwşen Begjanow Ýokary ligadaky ilkinji goluny geçirdi
Türkmenistanlylaryň 18-si "Hormatly il ýaşulysy" diýen ada mynasyp boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
“Toprak” HJ kagyz galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegini artdyrdy