Türkmenabatda "ýylyň tozanly ýeli" turdy

Türkmenabatda "ýylyň tozanly ýeli" turdy

Lebap welaýatynda 28-nji dekabrda güýçli tozanly ýel turdy. Ýaşaýjylar howadaky tozan bölejikleri zerarly ýakyn aralykdaky desgalary görmekde hem kynçylyk çekýärler. Bu barada maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy nobatdaky güýçli şemaly “ýylyň tozanly ýeli” atlandyrýar.

“Şu gün Türkmenabat şäherinde tozandan ýaňa hiç zat görünmeýär. Gözüňi açyp bolmaýar diýsek hem bolar. Dem almak kynlaşdy. Howada kislorod ýetenok. Howadan dem alanyňda, burnuň çaňdan, tozandan dolýar. Bular ýaly güýçli tozanly ýel şu ýylyň dowamynda birinji gezek bolýar” diýip, habarçymyz sebitde howanyň adatdakysyndan juda maýyldygyny we munuň gyş paslyna mahsus däldigini hem 28-nji dekabrda gürrüň berdi.

Azatlygyň sebitdäki çeşmesiniň iberen suratynda goňrumtyl, sarymtyl reňkdäki tozanyň daş-töweregi tutuşlygyna diýen ýaly gaplandygyny görse bolýar.

“Güýçli ýel sebäpli hatda welaýatyň baş baýdagyny hem aşak düşürmeli boldular. Onuň uçup gitmeginden alada edýärler” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Habarçymyz tozanly ýeliň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärä hem kölege salandygyny aýdýar.

28-nji dekabrda giçlik sagat 6-da Türkmenabadyň Ak öýüniň öňündäki baş arçanyň aşagynda Täze ýyl baýramçylygyny öňünden wideo ýazgy edip, döwlet telewideniýesine reportaž taýýarlamak üçin köpçülikleýin baýramçylyk çäresi gurnalmalydy.

Bu çärä her edaradan 10 işgär we mekdepleriň okuwçylary, çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşmaly edildi.

Aşgabatdan gelen ýörite TW operatorlary, tehnikalar baş arçanyň golaýynda gelip durup, çäräni geçirmäge günüň birinji ýarymynda taýýarlanyp başladylar. Ýöne guramaçylar we arassaçylyk işgärleri çäräniň geçiriljek ýeriniň arassaçylygyny üpjün etmekde juda kynçylyk çekdiler.

“Arassaçylyk işgärleri meýdançany yzygiderli arassalap, ellerinde esgi bilen oýnawaçlaryň, bezegleriň tozanlaryny süpürdiler.Halylary hem sübse bilen her süpürdiler. Ýöne olar halynyň bir tarapyny süpürýänçä, tozan onuň beýleki tarapyny gaplap aldy. Şeýle-de, olar Ak öýüň ýodajyklaryny elleri bilen ýuwup çykdylar. Ýöne ýodajyklar hem dessine ýene tozan basyp, gara kir bolýar” diýip, býujet işgärleriniň biri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri duýdansyz turan güýçli ýel we Türkmenabady gurşap alan tozanly howa barada öňünden bildiriş ýa duýduryş etmediler.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hem, Lebapdaky bolan tozanly howa barada hiç zat aýdylmaýar. Gulluk 28-nji dekabrda Türkmenabatda howanyň temperaturasynyň 21 gradus boljakdygyny aýtmak bilen çäklenýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde adatdan daşary howa hadysalary, şol sanda gum bölejiklerini öz içine alýan tozanly ýel ýygy-ýygydan gaýtalanýar.

Mundan ozal, 26-njy noýabrda Mary welaýatynda tozanly ýel turdy. Şonda howanyň düzüminde çägäniň we tozanyň aşa köplügi zerarly, köp adam öýlerinden çykmakdan saklandy. Welaýatda ýüz maskasyny dakynýanlaryň sany göz-görtele köpelipdi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we media serişdeleri ýurtda turýan tozanly ýeller barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Lebapda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Lebapda, Maryda ýagan güýçli ýagyş we ýel ilatyň elektrik üpjünçiliginiň uzakly gün kesilmegine getirdi
Lebapda we Balkanda turan güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy
Lebaply daýhanlar: Häkimiýetler ýagşyň netijelerinden aman galmaga kömek etmeýär