Türkmenistan BMG-nyň Boriş Şyhmyradowyň işi boýunça kararyny ýerine ýetirmeli

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň beýanaty

9-njy noýabr, 2017 ý.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy Türkmenistanyň hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary baradaky Komitetiniň Boris Şyhmyradowyň işi baradaky kararyna öňküsi ýaly düýp özeni boýunça jogap bermezligi bilen baglylykda çuňňur lapykeçligini we gynanjyny bildirýär.

Biz Türkmenistanyň hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasyna we Şyhmyradowyň maşgalasyna haýal etmezden jogap bermegine hem-de Komitetiň gürrüňi edilýän kararyny kabul etmek we Şyhmyradowyň we onuň maşgalasynyň hukuklarynyň dikeldilmegi üçin gyssagly çäre görmegine çagyrýarys.

2014-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda BMG-nyň adam hukuklary baradaky Komiteti Tatýana Şyhmyradowanyň, ozalky daşary işler ministri Boris Şyhmyradowyň ýanýoldaşynyň indiwidual şikaýaty boýunça karar kabul etdi.

Komitet Boris Şyhmyradowyň bir topar çynlakaý hukuk bozulmasynyň pidasy bolandygyny kesgitledi.Hususan-da Komitet Şyhmyradowyň zorlukly ýitirim edilmegiň pidasy bolandygyny we Türkmenistanyň hökümetiniň onuň ömrüni goramandygyny, şeýle-de onuň gynalmakdan azat bolmak hukugynyň, adalatly sud seljerişligi hukugynyň we kanunyň güýjüni yzlygyna ulanyp jezalandyrylmazlyk baradaky hukugynyň bozulmagyndan goralmandygyny belledi.

Şeýle-de Komitet hökümet Tatýana Şyhmyradowanyň öz adamsy barada uzak wagtyň dowamynda hiç bir maglumat berilmezligi esasynda çeken hasraty bilen baglylylykda, onuň gynalmakdan azat bolmak hukugyny bozdy diýip karar etdi.

Komitet Türkmenistanyň hökümetiniň Boris Şyhmyradowyň hukuk goragy babatynda çäre görmäge borçludygyny belledi, şol sanda bu çäräniň onuň haýal etmän azatlyga goýberilmegi we oňa adalatly kompensasiýa berilmegi arkaly, eger-de ol aradan çykan bolsa, Şyhmyradowyň jesediniň jaýlamaga berilmegi we onuň maşgalasyna kompensasiýa tölenmegi arkaly görlüp bilinjekdigi görkezildi.

Gynansak-da, ne Komitet, ne-de Şyhmyradowyň maşgalasy Türkmenistanyň hökümetinden jogap aldy, ýogsa jogap bermegiň möhleti 2015-nji ýylyň 9-njy noýbryna çenlidi we ondan bäri eýýäm iki ýyl geçdi.

2002-nji ýylyň 29-njy dekabrynda, tussag edileninden 4 gün soň, Türkmenistanyň ozalky daşary işler ministri we birinji wise-premýeri Boris Şyhmyradow, 2002-nji ýylyň noýabrynda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýäne çak edilýän gatnaşygy üçin 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Sud seljerişligi ýapyk görnüşde geçirildi we bary-ýogy bir gün dowam etdi hem-de köp sanly prosessual düzgün bozulmalary bilen utgaşdy. 30-njy dekabrda, suduň karary çykarylandan bir gün soň, Şyhmyradowyň hökümi Halk maslahatynyň 3 müňe ýakyn döwlet emeldaryndan we jemgyýetçilik işgärlerinden düzülen saýlanmadyk syýasy organyň karary bilen ömürlik tussaglyga çalşyryldy.

Bu “karar” “şowhunly, dowamly elçarpyşmalar” astynda, ýagny ölüm jezasynyň berilmegini talap edýän döwlet emeldarlarynyň tapgyrlaýyn çykyşlaryndan soň prezident Nyýazowyň eden teklibini Maslahatyň ähli agzalarynyň biragyzdan ör turup goldamagy esasynda kabul edildi.

Şondan iki aý geçeninden soň, 2003-nji ýylyň 5-nji fewralynda Halk maslahaty “döwlete dönüklik” üçin jeza bermekde ulanmak maksady bilen ömürlik tussaglyk jezasyny girizmek barada karar kabul etdi.

Bu jeza çäresi şondan ozal Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde ýokdy we Boris Şyhmyradow we 2002-nji ýylyň noýabrynda prezidentiň janyna kast etmek synanyşygy diýilýäne gatnaşandygy çak edilýän ýene dört adam hususan-da ozalky biznesmenler Guwanç Jumaýew we Yklym Yklymow, ýörite gulluklaryň ozalky işgäri Annadurdy Annasähedow (tussagda ýogaldy) we Begenç Beknazarow babatynda, kanunyň güýjüni tersine ulanmak bilen ulanyldy.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy Boris Şyhmyradow babatyndaky sud seljerişliginiň we günäleýji hökümiň prosessual düzgünlere laýyk gelmeýändigine doly ynanjyny beýän edýär we 25 ýyllap azatlykdan mahrum etmek barada berlen ilkinji jezanyň ömürlik tussaglyk bilen çalşyrylmagyny, hukuk düzgüninde kanunyň yzlygyna güýjüniň bolmaly däldigi baradaky deep ýörelge nukdaý nazaryndan, şeýle-de adam hukuklary barada Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan halkara şertnamalary we milli kanunçylyk nukdaý nazaryndan düýpden bikanun hasaplaýar.

Bu kararyň diňe mazmuny däl, eýsem onuň kabul ediliş prosesi hem doly bikanun, sebäbi ömürlik tussaglyk baradaky karar sud ygtyýarlygy bolmadyk syýasy organ tarapyndan başda döwlet baştutanynyň ömürlik tussaglyk baradaky teklibine ör turup el çarpylmagy bilen kabul edildi, soňra kanunyň güýjüniň yzlygyna ulanylmagy, ýagny çak edilýän jenaýatyň bolan wagtyndan iki aý soň kabul edilen kanunyň ulanylmagy bilen kabul edildi.

Onsoňam biz ahyr netijede Boris Şyhmyradowyň ykbaly we onuň tussaglykda saklanylýan ýeri barada soňky 15 ýylyň dowamynda ol ýa beýleki görnüşde hiç bir resmi maglumatyň bolmazlygyndan çuňňur alada galýarys.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy bu meseleleriň Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistan boýunça dokladçysy Emmanuel Dekonyň 2003-nji ýylda çap edilen dokladynda hem gozgalandygyny nygtaýar.Emmanuel Deko ÝHHG-nyň Moskwa mehanizminiň çäginde, 2002-nji ýylyň noýabr wakalaryndan soň köpsanly tussag etmeler we adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmalary baradaky şikaýatlary derňemek maksady bilen, Türkmenistan boýunça ýörite dokladçy edilip bellenipdi.

Türkmenistanyň hökümeti bu doklady we onda berlen rekomendasiýalary ret etdi, şeýle-de BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2003-nji we 2004-nji ýyllarda kabul edilen iki rezolýusiýasynyň esasy düzgünlerini berjaý etmedi.

Bu rezolýusiýlarda 2002-nji ýylyň noýabryndan soň adam hukuklarynyň “çynlakaý we dowamly” bozulmagy bilen baglylykda örän ynjalyksyzlyk bildirilipdi we hökümetiň çagyryşlary, hususan-da ÝHHG-nyň hasabatyndaky rekomendasiýalary ýerine ýetirmegi ündelipdi.

Boris Şyhmyradowyň işi “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy tarapyndan dokumentleşdirilen we Türkmenistanyň türme sistemasynda ýitirim bolan diýlip hasaplanylýan 112 adamyň diňe biriniň işi bolup durýar.Soňky wagtlarda zorlukly ýitirim edilmeler problemasy has-da ýitileşýär, sebäbi ýyl yzyna ýyl geçýär, emma türkmen häkimiýetleriniň resmi kanallary we proseduralary ulanmak bilen zorlukly ýitirim edilenleriň bolmanda biriniň işini derňändigi hem mälim däl.

Türkmenistanyň häkimiýetleri dereksiz ýiten adamlar barada halkara guramalaryna, şol sanda, ÝB we Türkmenistan arasynda adam hukuklary boýunça geçirilýän ýyllyk Dialogyň we Türkmenistanyň BMG-nyň iki şertnamalaýyn organynyň döwürleýin synlarynyň, ÄDS we ÝHHG çäginde tassyklap bolýan hiç bir maglumat bermedi, şeýle-de ol adamlaryň ýanyna barlyp görülmegi, olaryň garyndaşlary, halkara Gyzyzl Haç komitetiniň wekilleri, diplomatlar bilen görüşdürilmegi baradaky talaplary ret etdiler. Şol bir wagtda “Olary diri görkeziň!” kampaniýasy tarapyndan türkmen türmelerinde ýiten tussaglar hökmünde resmileşdirilýän adamlaryň sany köpelýär (2013-nji ýylda 66 bolan bolsa, diri ýitenleriň sany häzir 112-ä ýetdi), olaryň 23 sanysynyň türmede ölendigi barada tassyklanan maglumatlar bar.

Soňky iki ýylda 2000-nji ýyllarda türkmen türmelerinde ýitirim bolanlaryň arasynda ýogalýanlaryň sany köpeldi we daşky dünýäden doly üzňelikde saklanylýan täze pidalaryň bolsa sany artdy.

Bu problemany çözmekden geçen, eýsem Türkmenistanyň hökümetiniň ýurduň türme ulgamynda adamlaryň zorlukly ýitirim bolmak problemasyny hatda, boýun almak hem islemeýändigi bireýýämden belli. Şonuň bilen bir wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy, şol sanda Konstitusiýasy halkara hukuklarynyň ileri tutulýandygyny boýun alýar, hemişelik Bitaraplyk baradaky kanunda we bitarap Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalary baradaky jarnamasynda bolsa (1995-nji ýylda kabul edilen), “Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyny we onuň kararlaryny ileri tutýar” diýip, göni görkezilen.

Türkmenistanyň hökümeti zorlukly ýitirim edilmek problemasyny çözüp biler we ony çözmeli. Munuň üçin degişli halkara guramalary, şol sanda BMG we ÝHHG organlary bilen konstruktiw hyzmatdaşlyga girmek, olaryň kabul edýän kararlaryny, berýän rekomendasiýa-maslahatlaryny ýerine ýetirmek gerek.

Şeýle-de, türkmenistanyň hökümeti öz milli kanunçlygy we halkara hukuklarynyň çäginde zorlukly ýitirim edilmegiň gadaganlygy barada öz üstüne alan ähli borçlaryny ýerine ýetirmeli.

Muňa raýat we syýasy hukuklar baradaky Halkara paktyndan gelip çykýan borçanamalar hem girýär we BMG-nyň adam hukuklary baradaky komitetiniň çykaran netijelerine laýyklykda, hökümet halkara şertnamasyny Boris Şyhmyradow bilen baglylykda bozdy. Oňyn çäreleri görmek mümkinçiligi, ozalkylary ýaly, şindi hem bar, ýöne wagt ýitirmek gerek däl, sebäbi gürrüň adam ömri hakynda barýar.

Biz Türkmenistanyň hökümetini erjellik bilen çagyrýarys:

Mundan artyk soňa goýman, BMG-nyň adam hukuklary baradaky komitetiniň Boris Şyhmyradowyň işi boýunça kabul eden kararyna düýp özeni boýunça jogap bermeli. Komitetiň Şyhmyradowyň we onuň maşgalasynyň hukuk goragy boýunça haýal etmezden çäre görmek baradaky kararyny ýerine ýetirmeli.

Tussaglaryň garyndaşlaryny uzak ýyllaryň dowamynda öz ýakynlary bilen ähli aragatnaşykdan mahrum edip, olaryň ykballary barada hossarlaryna hiç hili maglumat bermän ejir çekdirmegi bes etmeli.

Zorlukly ýitirim edilmeleri bes etmeli. Her bir fakty derňemeli we ýakyn wagtda her bir ýitirim bolan adamyň ykbaly, saklanylýan ýerleri barada olaryň maşgala agzlaryna we jemgyýetçilige maglumat bermek boýunça ylalaşylan we açyk herekete geçmeli. Türkmenistanyň häzirki zaman taryhyndaky bu hasratly döwri hemişelik geçmişde galdyrmaly.

Biz prezident Berdimuhamedowy ol adamlary diri görkezmäge tutanýerlilik bilen çagyrýarys.

***

“Olary diri görkeziň” atly hukuk goraýyş kampaniýasy 2013-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň türmelerinde uzak möhletli türme tussaglygyny çekýän we tussag edilen wagtyndan bäri daşky dünýäden doly üzňelikde saklanylýan bendileriň hukuklaryny goramak, Türkmenistanyň türmelerinde adamlaryň diri ýitirim edilmeginiň pes edilmegini gazanmak ugrunda iş alyp barýar.

Bu kampaniýa Raýat raýdaşlygy boýunça halkara platformasynyň goldawy esasynda hereket edýär we hukuk goraýjylaryň, ekspertleriň giň toplumy bilen aktiw hyzmatdaşlykda, hökümetara guramalarynyň, şol sanda, Birleşen Milletler Guramasynyň, ÝHHG-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýardam bermeginde işleýär.

Ýene degişli makalalar

Maslahatsyz maslahat. Halk adyndan sözlenýän ýalan halky köseýär
Zor bilen ýitirim edilenleriň halkara güni türkmen türmelerinde dereksiz ýitenler ýatlanýar
“Olary diri görkeziň!”: ÝHHG ýurtlary dereksiz ýitirmelere garşy berk çäre görmeli
Pes hilli hyzmatlar we prezident bilen garyndaşlyk. Žurnalistler "Altyn Asyryň" eýesini tapdylar
Garaşsyz neşir Boris Şyhmyradowyň 'kitabynyň' birden satuwa çykandygyny habar berýär
Aşgabatda ýene-de B.Şyhmyradowyň Nyýazowa kast etmäge synanyşyk baradaky kitaby görkezildi
"Olary diri görkeziň!": Batyr Berdiýew, doglan günüňiz gutly bolsun!