Türkmenistan BMG-nyň Neşe serişdelerine garşy komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan BMG-nyň Neşe serişdelerine garşy komissiýasynyň mejlisine gatnaşdy

BMG-nyň Neşeler we jenaýat boýunça 64-nji komissiýasy Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Merkezi Aziýanyň wekiliýetleriniň agzalary Türkmenistaniň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Silapberdi Nurberdiýew we Daşary işler ministriniň orunbasary Öwezdurdy Hojanyýazowyň gatnaşmagynda wirtual ýygnagy geçirdiler.

bu wirtual ýygnaga gatnaşanlar Aşgabadyň halkara we sebitleýin çäreleri we neşe gaçakçylygyna garşy göreşde hyzmatdaşlygyny hemde, BMG, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary döretmekdäki hyzmatdaşlygyndan minnetdarlyk bildirdiler.

Şeýle hem, 2020-2023-nji ýyllar üçin BMG-nyň neşe serişdelerine garşy komissiýasynyň agzasy hökmünde Türkmenistanyň saýlanmagy, ýurduň neşe howpuna garşy göreş alyp barýan global syýasatynyň ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň alamatydygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ýükleriň möçberi 3,5 esse artdy
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýadaky we Ýewropadaky ilçilerini täzeleýär