Türkmenistan Hazar deňzi ALPHA / BRAVO onlaýn türgenleşiklerine gatnaşdy

Türkmenistan Hazar deňzi ALPHA / BRAVO onlaýn türgenleşiklerine gatnaşdy

14-nji noýabrda Hazarýaka ýurtlarynyň adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda Hazar deňzi ALPHA / BRAVO bäşinji onlaýn türgenleşikleri geçirildi. Türgenleşik Tähran Konwensiýasynyň wagtlaýyn sekretariaty tarapyndan guraldy.

Türgenleşiklere Türkmenistanda Aktau Teswirnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär edaranyň wekiliniň hem-de Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçdi. Wagtlaýyn sekretariatyň wekili Mateuş Benko bolsa okuwlary alyp bardy.

Bu çäreler suwuň hapalanmagy barada hasabat şablonyny amaly taýdan ulanmak, hasabat bermek, kömek soramak we kömek bermek üçin aragatnaşyk liniýalaryny barlamak, şeýle hem kömek çagyryşy ýüze çykan halatynda taraplaryň jogap bermäge häzirki taýýarlygy barada maglumat almaga gönükdirildi.

Türgenleşikler, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) we Nebit bilen hapalanmagy bilen baglanyşykly meselelere sebitleýin taýýarlyk, jogap bermek we hyzmatdaşlyk teswirnamasyna (Aktau Teswirnamasy) laýyklykda geçirildi.

Türgenleşikde Türkmenistanyň wekilleri ýüze çykmaly wakany düşündirdiler we türgenleşikleriň dowamynda Taraplaryň wekilleri we gatnaşyjylar üçin maksatlary hem-de wezipeleri beýan etdiler.

Türkmenistan nebit bilen hapalanma bilen baglanyşykly meseläniň hasabatyny, şeýle hem 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aktau teswirnamasy boýunça ýardam berilmegi üçin ýüztutma ugratdy diýip, çeşme belleýär. Brawo nebit dökülmesi türgenleşikleriniň netijesinde hapalanma hasabatyny alan Hazarýaka ýurtlary habary alandygyny tassyklamak bilen birlikde kömek çagyryşyna dessine jogap berdiler.

Belläp geçsek, Aktau teswirnamasy 2011-nji ýylyň 12-nji awgusTynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Taraplaryň konferensiýasynyň (КС-3) üçünji mejlisinde kabul edildi we gol çekildi. Munuň özi ähli Hazarýaka ýurtlary tarapyndan tassyklandy, 2016-njy ýylyň 25-nji iýulynda güýje giren ilkinji teswirnamadyr.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň täze raýatlaryna pasgortlar gowşuryldy, Türkmenistanyň Gazagystandaky täze konsuly wezipä bellenildi, Serdar Berdimuhamedow Igor Babuşkini kabul etdi we beýleki habarlar
Gazagystandaky suw joşmalarynyň arasynda, bu ýurtdaky türkmenler köpçülikleýin watanyna dolanýar
Hazar — dostluk deňzi motoýörişi Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer
Hazar — dostluk deňzi motoýaryşy Aşgabadyň we Türkmenbaşynyň üstünden geçer
Gazagystan BTJ Turba Geçirijisi Arkaly Aprel Aýynda 125 Müň Tonna Nebit Akdyrar
Gazak Nebiti Baku-Tiblisi-Jeýan Geçirijisi Arkaly Akdyrylmaga Başlandy