Türkmenistan Moskwada GDA ýurtlarynyň Ykdysady meseleler boýunça Toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Moskwada GDA ýurtlarynyň Ykdysady meseleler boýunça Toparynyň mejlisine gatnaşdy

Moskwada GDA ýurtlarynyň Ykdysady meseleler boýunça toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Mejlisde Arkalaşygyň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlygyň köp sanly meselelerine seredip geçdiler diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Mejlisiň barşynda ýüze çykýan meselelere garşy bilelikdäki göreş çäreleriniň Sanawynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, taraplar GDA-da harytlaryň gelip çykan ýurduny kesgitlemegiň Kadalary baradaky Şertnama üýtgetmeler girizmek baradaky Teswirnamanyň taslamasyna garadylar.

Mejlisiň çäklerinde GDA-da ätiýaçlandyryş hyzmatlary bazarynyň ösüşine hem üns çekildi. Toparyň agzalary ätiýaçlandyryş pudagynda kanunçylyk binýadyny we bazar mehanizmlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri bilen tanyşdyryldy. GDA-da häzirki wagtda ätiýaçlandyryş hyzmatlary bazaryny goldamak boýunça çäreleriň işlenip düzülýändigi we durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Duşuşykda elektron söwdada sarp edijileriň hukuklaryny goramagyň usullary we algoritmleri meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Elektron söwda bilen baglylykda, sarp edijini goramagyň iň möhüm meseleleri hökmünde onlaýn tölegleriň howpsuzlygy, sanly kontentli maddy däl önümleri edinmek, sarp edijiniň şahsy maglumatlaryny goramak, harytlar baradaky maglumatlaryň ygtybarlylygy ýaly meseleler öňe sürüldi.

Toparyň indiki mejlisini 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Rowachlan Galkynysh HK daşary ýurtly müşderileri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär
18-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Günbatar Däl, Eýsem Putin Gorkmaly”
Heýkeltaraş Sylap Hudaýberdiýew halypany ýatlap…
Şoýgu Fransuz Kärdeşine Duýduryş Berdi