Türkmenistan Russiýadan uçuşlaryň petekleriniň onlaýn satuwyny manatda ýola goýdy, Bilanyň konserti 8 müň tomaşaçyny bir ýere jemledi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamasynyň möhletini uzaltdy we beýleki habarlar

Türkmenistan Russiýadan uçuşlaryň petekleriniň onlaýn satuwyny manatda ýola goýdy, Bilanyň konserti 8 müň tomaşaçyny bir ýere jemledi, Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamasynyň möhletini uzaltdy we beýleki habarlar

1. Türkmenistan awiakompaniýasy Russiýadan Türkmenistana öz uçuşlary üçin awiapetekleriň onlaýn satuwyny dikeltdi. Awiapetekleri Altyn asyr bank kartlary arkaly www.turkmenistanairlines.tm saýtyndan satyn almak mümkindir.

2. Dima Bilan Aşgabatda anşlag konsertini berdi. Çäre Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi. Ýyldyzy görmäge 8 müň tomaşaçy geldi. Düýn Bilan 41 ýaşyny belledi.

3.Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada baglaşylan şertnamalaryň möhletini uzaltmaga, şeýle hem iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini, bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berdi.

Resminama türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energetikasy pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen gol çekildi.

4.Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.Bu Karara Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasyny, asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen gol çekildi.

5. Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň adwokatlary her aýyň ikinji we dördünji şenbe günlerinde ähli etraplarda mugt ýuridik geňeşmeler geçirýärler. Geňeşmeler maşgala, miras, ýaşaýyş jaý we zähmet hukugy meseleleri boýunça geçirilýär diýip, Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

6.Aktýor Tom Kruz geljek ýylyň 13-nji iýulynda çykarylmagy meýilleşdirilýän Ýerine ýetirip bolmajak wezipe filminiň täze bölümi üçin surata düşürdi.Tom täze filmiň surata düşürilişinde tutuş karýerasyndaky iň howply tilsimi ýerine ýetirendigini motosiklde gaýadan bökendigini aýtdy.

Kruzyň bellemegine görä, bu tilsime taýynlyk görmek üçin bir ýyl gerek boldy, ol her gün 30 gezek böküş ýerine ýetirip türgenleşdi, şeýlelikde, ol bu tilsimi jemi 13 müň gezek ýerine ýetirdi.

7.Režissýorlar Al Gof we Maýlz Millar meşhurlyk gazanan Uednesdeý atly köpbölümli filmiň ikinji möwsümini surata düşürmäge başlamak üçin taýýarlyk görýärler.Köpbölümli filmiň awtorlary onuň gahrymany Uednesdeý Addamsyň ejesi Mortişa we mekdep jorasy Inid bilen özara gatnaşyklaryň ugruny ösdürmegi dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

Jenna Orteganyň baş keşbi janlandyrmagynda Uednesdeý şu ýylyň noýabr aýynda ilkinji gezek ýaýlyma berildi we bir aýyň dowamynda iňlis dilindäki meşhur Örän geň zatlar atly köpbölümli filmden soňra ikinji orna geçdi.

8. Köpetdagyň 24 ýaşly ýarymgoragçysy Begenç Akmämmedow Türkmenistanyň çempionatynyň 2022-nji möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Akmämmedow Türkmenistanyň çempionatynyň geçen ýaryşynda 19 gol geçirdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Begenç 2 resmi

9. Soçi Gurban Berdiýewiň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini resmi taýdan yglan etdi. 70 ýaşly türkmen hünärmeni öz wezipesine 2023-nji ýylda girişer. Gurban Berdiýew Russiýanyň çempionatynda soňky gezek 2019-njy ýylda işledi, ol şonda karýerasynda ikinji gezek Rubine ýolbaşçylyk edipdi. Kazanlylar bilen bilelikde iki gezek Russiýanyň çempiony, ýurduň Kubogynyň eýesi boldy we iki gezek Russiýanyň Superkubogyny aldy.

Ýene degişli makalalar

80-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň ýapylyşynda görkeziljek film belli boldy
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
Jeýn Birkin aradan çykdy
Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar
Tom Kruz özi baradaky ýakymsyz myş-myşy ýalana çykardy
Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl