Türkmenistan Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşuldy

Türkmenistan Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşuldy

Türkmenistanda, 19-njy noýabrda Halk Maslahatynyň 8-nji mejlisinde tassyklanan Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

1997-nji ýylda Lissabonda gol çekilen bu Konwensiýa ÝUNESKO bilen bilelikde işlenilip düzülen Ýewropa Geňeşiniň halkara şertnamasydyr. Bu Konwensiýa Strasburgda Gresiýadan we Monakodan başga Ýewropa geňeşine agza bolan 46 döwletiň ählisi gol çekdi.

Bu Konwensiýa bir ýurtda berlen ýokary bilim boýunça hünär derejeleriniň başga bir ýurtda ykrar edilmegini aňsatlaşdyrmagy maksat edinýär.

Talyplara we uçurymlara Konwensiýa laýyklykda adalatly amallar kepillendirilýär.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynda arakesme tamamlanýar
Mançester Ýunaýted Çempionlar ligasyna çykmasa, Ronaldu klubdan gidip biler
Daşary ýurtlular üçin iň gowy şäherler belli edildi
UEFA Çempionlar ligasynyň 6-njy hepdesinde 6 duşuşyk geçirildi
Ýewropa garaşylmadyk bahar geldi
Çempionlar ligasy: PSŽ Realy, ManSiti Sportingi ýeňdi
UEFA ÇL: 1/8 final tapgyrynyň nobatdaky aýgytly duşuşyklary geçiriler